Aliýew, Paşinýan we Mişel Brýusselde Üçtaraplaýyn Duşuşyk Geçirdi

Mişel, Ilham Aliýew bilen Nikol Paşinýanyň Azerbaýjan-Ermenistan demirýol liniýasy meselesinde ylalaşyk gazanandygyny aýtdy.

1747695
Aliýew, Paşinýan we Mişel Brýusselde Üçtaraplaýyn Duşuşyk Geçirdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, ÝB Geňeşiniň başlygy Mişel bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel şu gün Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek ÝB-Ýakyn Gündogar maslahatynyň öňüsyrasynda Ilham Aliýew we Nikol Paşinýan bilen aýry aýry duşuşdy.

Aliýew, Paşinýan we Mişel soň bolsa agşam naharynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Duşuşyk 2 sagatdan gowrak dowam etdi.

Üçtaraplaýyn duşuşykdan soň metbugata beýannama beren Mişel, Ilham Aliýew bilen Nikol Paşinýanyň Azerbaýjan-Ermenistan demirýol liniýasy meselesinde ylalaşyk gazanandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar