Slowakiýanyň premýer ministriniň saglyk ýagdaýy tankydy bolmagynda galýar

Düýn ýaragly hüjüme sezewar galan Slowakiýanyň premýer ministri Robert Fisonyň hirurgik operasiýadan soň ýagdaýynyň durnuklydygy, emma tankydy bolmagynda galýandygy mälim edildi

2140422
Slowakiýanyň premýer ministriniň saglyk ýagdaýy tankydy bolmagynda galýar

Wise-premýer we Goranmak ministri Robert Kalinak, Banska-Bistrisa welaýatyndaky Ruzwelt hassahanasynyň müdüri Miriam Lapunikowa bilen geçiren metbugat ýygnagynda: "Premýer ministriň ýagdaýy hirurgik operasiýadan soň durnukly ýagdaýa geldi, emma tankydy bolmagynda galýar" diýip belläp, premýer ministr Robert Fisonyň onuň hem hötdesinden geljekdigine doly ynanýandygyny habar berdi. 

Hassahananyň müdüri Miriam Lapunikowa hem premýer ministr Robert Fisonyň hüjümde ençeme ýerine ot açylandygyny belläp, operasiýanyň 5 sagat dowam edendigini mälim etdi. 

Slowakiýanyň premýer ministri Robert Fiso ýurduň paýtagty Bratislawa şäheriniň Handlowa şäherçesinde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň özüne binanyň öňünde garaşýan adamlar bilen salamlaşýan mahaly, ýaragly hüjüme sezewar galypdy. 

Ýurduň metbugatynda hüjümi 71 ýaşyndaky çep garaýyşly slowak raýat Ýuraýyň hökümediň syýasatlaryny halamaýandygy üçin gurandygy habar berilipdi. 

Bedenine ençeme gezek atylan premýer ministr Robert Fiso gyssagly kömek bermek we wagt ýitirmezlik maksady bilen Banska-Bistrisa welaýatyndaky Ruzwelt hassahanasyna tiz kömek dikuçary bilen alynyp gidilipdi. 



Degişli Habarlar