Indoneziýada Gelen Sil Sebäpli 67 Adam Ýogaldy

Indoneziýanyň Günbatar Sumatra welaýatyndaky sil sebäpli ýogalanlaryň sany 67 adama ýetdi.

2140355
Indoneziýada Gelen Sil Sebäpli 67 Adam Ýogaldy

“Antara Nýus” saýtynyň habar bermegine görä Indoneziýaynň Milli tebigy betbagtçylyklary dolandyryş gullugynyň metbugat sekretary Abdul Muhari, Marapi wulkan dagynyň atylmagy sebäpli üýşen gaýanyň, külüň we topragyň muson ýagyşy sebäpli süýşmegi we gelen sil sebäpli pida bolanlaryň sanynyň 67-a, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 44-e ýetendigini aýtdy.

Dereksiz ýiten 20 adamyň gözleg işleriniň dowam edýändigini aýdan Muhari; “Gözleg we şahsyýetleriň anyklaýyş işleri henizem dowam edýär. Pida bolanlaryň sany artdyp biler” diýdi.

Murapi wulkan dagynyň 11-nji maýda atylmagy netijesinde  üýşen gaýanyň, külüň we topragyň muson ýagyşy sebäpli süýşmegi we gelen sil adam pidalaryna sebap bolupdy.



Degişli Habarlar