Nigeriýada Boko Harama garşy guralan operasiýalarda 1015 terrorçy öldürildi

Terror guramasy Boko Harama garşy operasiýalar dowam edýär

1423220
Nigeriýada Boko Harama garşy guralan operasiýalarda 1015 terrorçy öldürildi

 

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda soňky 6 hepdede terror guramasy Boko Harama garşy guralan operasiýalarda 1015 terrorçy öldürildi.

Nigeriýanyň Baş ştabynyň başlygy Tukur Buratai metbugata beren beýanatynda, Nigeriýanyň ýaragly güýçleriniň 1,5 aýdan bäri Çat köli oazisinde, Nigeriýanyň Borno, Adamawa we Ýobe welaýatlarynda Boko Harama garşy operasiýa guraýandygyny aýtdy.

Burutai soňky 6 hepde-de guralan operasiýalarda 1015 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini, ýüzlerçe terrorçynyň hem ýaraly ýagdaýda gaçandygyny belledi.

Operasiýalarda 84 terrorçynyň tussag edilendigini aýdan Buratai, terrorçylara degişli 150 ulag bilen köp sanly ýaragyň we ok-däriniň ele geçirlendigini aýtdy.

Buratai operasiýalarda 11 esgeriň ýogalandygyny nygtady.



Degişli Habarlar