Braziliýadaky sil apatlarynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Braziliýada aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 158 adama ýetdi

2142127
Braziliýadaky sil apatlarynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýurduň günortasyndaky Rio Grande do Sul welaýatynda 2 hepde bäri täsirli bolan ýagyşlaryň sebäp bolan sil apatlarynda, adam ýitgileri barha artýar. 

Welaýatyň Raýat goranyş gullugyndan berilen beýanatda, ýogalanlaryň sany 158 adama, dereksiz ýitenleriň sany bolsa 88 adama ýetendigi mälim edildi. 

Sil apatynyň ýaramaz täsir ýetiren adamlaryň sanynyň 2 million 300 müňe ýetendigi bellenen beýanatda, 82 müň 666 adamyň hem tebigy apat zolagyndan halas edilendigi aýan edildi. 

Gözleg we halas ediş işleri bolsa 30 müň adam bilen dowam edýändigi habar berildi. 

Milli Raýat awiasiýa agentliginden berilen beýanata görä ýagyşlaryň şu hepdäniň ahyryna çenli dowam etmegine garaşylýar. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Braziliýa

Degişli Habarlar