ABŞ Ukraina Degişli Goldawy Bermäge Sowam Eder

ABŞ-nyň Goranmakministri Lloýd Astin ýurdunyň Ukraina gerek bolan goldawy bermäge dowam etžekdigini beýan etdi.

2142233
ABŞ Ukraina Degişli Goldawy Bermäge Sowam Eder

Lloýd Astin esasy bölegi Ýewropadan 50 ýurduň degişli bolmagynda döredilen Ukrainanyň goranyş aragatnaşyk toparynyň 22-nži wideo aragatnaşyk maslahatynda çykyş etdi.

Russiýamnyň Ukrainada möwç alýan harby operasiýalary sebäpli “güýçli garşy durma pursadyny” başdan geçirýäris diýen Astin; “Ukraina gerek bolan goldawy bermäge dowam ederis. ABŞ öz üstüne düşýän boržy beržaý etmekde ygrarly” diýdi.

Astin gyssagly zerur bolan kömekleriň Ukraina ýetirilendigini beýan edip; “ugradan howpsuzlyk kömegimiz bu göreşde tapawutlanar” diýdi.

Ukrainanyň goranyş aragatnaşyk toparnyň Ukraina Russiýa bilen söweşiň başlan gününden bäri 95 milliard dollardan gowrak harby kömek berendigini nygtan Astin, Ukrainanyň howpsuzlygynyň Ýewropanyň we global howpsuzlygyň ýany bilen ABŞ-nyň howpsuzlygynyň hem merkezinde durýandygyny öňe sürdi.

Ukraina berilen 95 milliard dollardan gowrak harby kömegiň 50,6 milliard dollaryny ABŞ berdi.



Degişli Habarlar