Gresiýanyň ilkinji zenan prezidenti kasam edip wezipesine başlady

Prezident Sakellaropoulou 5 ýyl dowam etjek wezipesini Prokopis Pawlopulosdan kabul edip aldy

1377784
Gresiýanyň ilkinji zenan prezidenti kasam edip wezipesine başlady

 

Gresiýanyň ilkinji zenan Prezidenti Katerina Sakellaropoulou kasam edip wezipesine başlady.

Paýtagt Afinida 300 kürsüli grek parlamentinde geçirlen kasam edişlik dabarasyna Premýer ministri Kirýakos Miçotakis bilen birlikde ministrler kabinetiniň agzalary, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary we käbir halk deputatlary gatnaşdy.

“Ýurduň ilkinji zenan prezidenti” bolan Sakellaropoulou, Gresiýanyň Baş ruhanysy Ieronimosyň gönükdirmeginde geçirlen dini dabarada kasam edenden soň, parlamentiň öňündäki Sintagma meýdanyndaky harby ýadigarlige gül desselerini goýdy.

Kasam edişlik dabarasyndan soň Prezident Sakellaropoulou 5 ýyl dowam etjek wezipesini Prokopis Pawlopulosdan kabul edip aldy.

 

 


Etiketkalar: #ilkinji , #prezident , #zenan , #Gresiýa

Degişli Habarlar