Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy

Günbatar Afrikada ýerleşýän Nigeriýada, ýurdyň Niger ştatynda guralan ýaragly hüjümde 3 adam ýogaldy, 10 adam zamun alyndy

1366303
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy

Nigeriýanyň Niger ştatynyň Rafi sebitinde ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm guraldy. 

Hüjümde 1-i zenan we 2-si gyz çaga jemi 3 adam ýogaldy, 4-si çaga jemi 10 adam bolsa zamun alyndy. 

Resmiler, sebite howpsyzlyk güýçleriniň gönükdirilendigini we zamun alynan adamlaryň tapylmagy üçin işe girişilendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar