Rio-de-Žaneýro ştatynda her 5 sagatda 1 adam ýogalýar

Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro ştatynda polisiýa işgärleriniň geçirýän operasiýalarynda her 5 sagatda 1 adam ýogalýar

1241793
Rio-de-Žaneýro ştatynda her 5 sagatda 1 adam ýogalýar

ANSA-nyň berýän habarynda, Rio-de-Žaneýro ştatynyň Polisiýa gullugynyň Etmişlilere garşy göreş atly operasiýalarynda, polisiýa gullugynyň geçirýän operasiýalary sebäpli her 5 sagatda 1 adamyň ýogalýandygy habar berildi. 

Şoňa laýyklykda şu ýylyň başyndan bäri ady agzalan operasiýalarda ýogalan adamlaryň sany 881-e ýetdi. 

Habarda polisiýa işgärleriniň operasiýalarynda şübheli ölümleriň sanynyň geçen ýyla garanyňda 14,5 göterim artandygy, ýaragly toparlaryň arasyndaky ölümleriň bolsa azalandygy mälim edildi. 

Rio-de-Žaneýro ştatynyň gubernatory Wilson Witzel, beren beýanatynda, ştatda ýaragly toparlara we neşe söwdasyny edýän toparlara garşy söweş yglan edendiklerine ünsleri çekip, göreşlerini dowam etdirjekdiklerini aýan etdi. 

 


Etiketkalar: #polisiýa , #Braziliýa

Degişli Habarlar