Malide guralan ýaragly hüjümde dört adam ýogaldy

Maliniň merkezi sebiti Moptide ýaragly adamlaryň töwerege od açmagy netijesinde asuda ilatdan 4 adamyň ýogalandygy mälim edildi

1199673
Malide guralan ýaragly hüjümde dört adam ýogaldy

Ýerli metbugatda berilýän habarlara görä, ýaragly adamlar Bandiagara şäherçesinden Tegrou obasyna barýan adamlara od açdylar. 

Hüjümçiler wakanyň bolan ýerini terk etdiler, hadysada asuda ilatdan 4 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy. 

Mopti sebitinde geçen hepde guralan hüjümde bolsa asuda ilatdan 18 adam ýogalypdy. 

Maliniň demirgazyk we merkezi sebitlerinde 2012-nji ýyldan bäri ekstremist we etniki çaknyşyklar bilen terrorçylykly hüjümler başdan geçirilýär. 

 


Etiketkalar: #Mali , #hüjüm

Degişli Habarlar