Geçen ýyl guralan ýaragly hüjümde ýogalan Russiýanyň ilçisi Andreý Karlow Moskwada hatyralandy

Hatyralama çäresinden soň Anadoly Habarlar gullugyna beýanat beren Türkiýäniň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hüseýin Diriöz ilçi Karlowy hormat bilen hatyralaýandyklaryny ýatlatdy

871694
Geçen ýyl guralan ýaragly hüjümde ýogalan Russiýanyň ilçisi Andreý Karlow Moskwada hatyralandy
karlov moskova1.jpg

Geçen ýyl paýtagt Ankarada guralan ýaragly hüjümde ýogalan Russiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreý Karlow Moskwada hatyralandy.

Paýtagt Moskwada Petrozawodskaýa köçesinde Karlowyň ýaşan öýüniň öňünde hatyralama çäresi geçirildi.

Hatyralama çäresine Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Türkiýäniň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hüseýin Diriöz, Karlowyň aýaly Marina Karlowa bilen birlikde türk işewür adamlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Hatyralama çäresinde çykyş eden Daşary işler ministri Lawrow Karlowyň başarjaň diplomatdygyna ünsi çekdi.

Lawrow “Andreý Karlow wezipesini ýerine ýetirýäkrä ýogaldy, ony asla ýatdan çykarmarys” diýdi.

Hatyralama çäresinden soň Anadoly Habarlar gullugyna beýanat beren Türkiýäniň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hüseýin Diriöz ilçi Karlowy hormat bilen hatyralaýandyklaryny ýatlatdy.

Diriöz “ Karlowyň ýogalmagy Russiýa hem-de Türkiýe üçin uly ýitgidir. Ýaragly hüjüm şol bir wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara garşy guralan hüjüm hökmünde görýäris. Hüjümiň arkasynda Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň bardygy ýüze çykdy. Hüjüm hakynda gozgalan kaziýet rus dostlarymyzyň hem gatnaşmagynda dowam edýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar