Owganystanda DAIŞ-e garşy guralan operasiýada 8 terrorçy ýok edildi

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Jüzjan welaýatynda terror guramasy DAIŞ-e garşy guralan operasiýada 8 terrorçy ýok edildi

695228
Owganystanda DAIŞ-e garşy guralan operasiýada 8 terrorçy ýok edildi

Welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Reza Gafuri howpsyzlyk güýçleriniň Derzab etrabynyň Taş Juwaz we Arçytu obalarynda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa gurandygyny nygtady.

Operasiýada 8 terrorçynyň ýok edilendigini aýdan Gafury DAıŞ-e agza 4 terrorçynyň  hem tussag edilendigini we terrorçylara degişli 2 gaçybatalganyň hatardan çykarlandygyny ýatlatdy.

 

 

 



Degişli Habarlar