Hindistanda awtobus heläkçiliginde 30 adam ýogaldy

Awtobus heläkçiligine aşa köp ýagýan ýagyşlaryň sebäp bolandygy nygtalýar

511640
Hindistanda awtobus heläkçiliginde 30 adam ýogaldy

Hindistanyň Meghalaýa welaýatynda ýolagçy awtobusynyň heläkçilige uçramagy sebäpli 30 adam ýogaldy.

Sonapur şäheriniň golaýynda bolan heläkçilikde 10 adam hem ýaralandy.

Awtobus heläkçiligine aşa köp ýagýan ýagyşlaryň sebäp bolandygy nygtalýar.

Hindistanda ýollaryň abatlanmaýandygy, ulaglaryň könedigi we sürüjileriň ünssizligi sebäpli her ýyl ortaça azyndan 140 müň adam ýogalýar.



Degişli Habarlar