Ýadro meselesi Londonda seljerildi

"Indi Eýran üçin anyk we möhüm karar kabul etmegiň wagty geldi”

275962
Ýadro meselesi Londonda seljerildi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Britaniýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň Daşary işler ministrleri bilen ÝB-niň ýokary derejeli wekili Federika Mogherini Eýran bilen geçirilýän ýadro gepleşiklerinde ýetilen sepgidi ara alyp maslahatlaşmak üçin Londonda duşuşdy.
Duşuşykdan soň berlen beýanatda “Gepleşiklerde esasy meselelerde ylalaşylmandygyna garamazdan umuman alnanda öňe gidişligiň bardygy äşgärdir. Indi Eýran üçin anyk we möhüm karar kabul etmegiň wagty geldi”diýildi.
Beýanatda “Tapyljak çözgüt hakykatlary beýan etmeli, giň gerimli we uzak ömürli bolmaly. Şol kadalara bap gelmeýän şertnamany hiç birimiz kabul etmeris” diýildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar