Pakistanyň Ýaragly güýçleri Talibanly başbozarlara garşy operasiýa guraýar
Pakistanyň Ýaragly güýçleri Owganystan serhediniň golayynda Talibanly başbozarla garşy guran operasiýasynda guramanyň 80 agzasyny öldürdi
Ýaragly güýçleriň metbugat geňeşçisi general-maýor Asym Salim Bažwa tarapyndan berilen beýanata göra, Owganystan-Pakistan serhediniň golaýyndaky Haýber sebitinde başbozarlar bilen güýçli çaknyşygyň bolandygy malim edilýär.
Howa hüjümleriň kömegi bilen guralan gury ýer operasiýasynda 7 esgeriň hem şehit bolandygy habar berildi.
Bažwa operasiýanyň dowamynda 100 golay başbozaryň ýaralanandygy aydylyar.
Pakistanyň Ýaragly güýçleri iýun aýnda Demirgazyk Weziristana we oktýabr aýynda Haýber sebitine guran giň-gerimli operasiýalarynda Talibanly başbozarlardan 2 müň 300-den hem gowuragynyň öldürilendigi nygtalýar.
Dekabr aýynda Peşawerde mekdebe guralan bombaly hüjümde 150-den gowurak adamyň yogalmagy sebapli, Talibanly başbozarlara garşy harby operasiýalaryň depgini güyçlendirildi.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 228 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.