Baýden Anastasiades bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Baýden Gündogar Ortaýer deňzinde dartgynlygyň ýaňadandan möwjemegine alada bildirdi

177313
Baýden Anastasiades bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýden Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiades bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Baýden telefon söhbetdeşliginde Gündogar Ortaýer deňzinde dartgynlygyň ýaňadandan möwjemegine alada bildirdi we dartgynlygyň diplomatik tagallalar arkaly çözülmegine garaşýandygyny belledi.
Baýden bilen Anastasiadisiň adanyň syýasy deň hukuklyga esaslanýan iki döwletli we iki jemgyýeti federasiýa hökmünde ýaňadandan birleşmegi barada ylalaşyk gazanandygy nygtaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar