Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar

1700136
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Kudus Al-Arabi: Abu-Dabiniň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan, BAE-Türkiýe gatnaşyklarynyň bozulmagyndan bäri ilkinji gezek Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen aragatnaşyga geçdi. 

Al-Dustour (Iordaniýa): Howpsuzlyk habarnamasy duýduryş berýär: Liwandaky sosial dartgynlyk gutulgysyz boldy. 

Al-Raýa (Katar): Ysraýylyň Günbatar Şeriadaky düzgün bozmalary barada habar berýän BMG-nyň habarnamasyna görä, 2021-nji ýylda basyp alyjylaryň oklary bilen 55 palestinaly şehit boldy. 

Deutsche Welle: Germaniýa 2021-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda 47 müň 400 bosgun kabul etdi. 

Tagesschau.de: Germaniýanyň inflýasiýa derejesi soňky 28 ýylyň iň ýokary görkezijisine eýe boldy. Soňky görkezijilere görä inflýasiýa awgust aýynda 3,9 göterime ýetdi.  

Wiener Zeitung: Awstriýanyň Premýer ministri Sebastýan Kurs soňky gezek Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Berlinde duşuşyk geçirdi.

El Pais (Ispaniýa): Awstriýa we Polşa, owgan bosgunlaryň gelmegini çäklendirmek üçin Ýewropa Bileleşiginiň nägile bölegine ýolbaşçylyk edýärler. 

El Komersio (Peru): ABŞ 20 ýyllyk söweşiň ahyrynda Owganystandan çykdy we ýurdy Talibana berdi. 

La Jornada (Meksika): Meksikanyň Saglygy Goraýyş Wehimlerine Garşy Gorag Federal Komissiýasy, Kuba tarapyndan oýlanyp tapylan "Abdala" sanjymy barada oňyn garaýyş beýan etdi. 

Lenta.ru: Russiýanyň BMG-daky hemişelik wekili Wasiliý Nebenzýa: "BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Owganystan kararynda ses bermekden saklandyk" diýip habar berdi. 

TASS: Russiýanyň Irkutsk sebitinde bir kärhana garşy Hytaýa agaç kontrabandasyny edýänligi üçin kazyýet işi gozgaldy. 

Izwestiýa: Ukrainanyň Prezidentiniň maslahatçysy Alekseý Arestowiç, Russiýa bilen söwda gatnaşyklaryny kesmegiň ýurdunyň zyýanyna boljakdygyny belläp: "Russiýa biziň iň uly 5-nji söwda hyzmatdaşymyz" diýip mälim etdi. 

Le Monde: 20 ýyllyk harby barlygyndan we Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň 5 aý güýmemeginden soň, soňky amerikan esgerler Kabuldan çykdy. 

Le Figaro: Günorta Afrikaly hünärmenler, adatdan daşary mutasiýa eýe bolan Kowid-19-yň täze görnüşine  gözegçilik edýärler. 

Le Matin (Şweýsariýa): Kowid-19: ABŞ-nyň hökümedi, raýatlaryna, Şweýsariýa syýahat etmezlikleri barada çagyryş berdi. 



Degişli Habarlar