Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar.

1698239
Daşary ýurt metbugatyna syn

“Le Monde” Fransiýanyň Premýer ministri Kasteks, Fransiýanyň Owganystandaky göçürliş işlerini anna güni tamamlajakdygyny aýtdy.

“Le Figaro” Fransiýada soňky 24 sagatda Kowid-19 sebäpli 110 adam ýogaldy, 2 müň 261 adamyň ýagdaýy bolsa agyr.

“Al Düstur” Iordaniýa, Owganystanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

“Al Guds Al Arabi” ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden “Kabul hüjüminiň jogapkärleri jerimesini tölär” diýdi.

“Al Raýe Al Katariýe” Katar, Kabulda howa menziliniň golaýynda guralan hüjümleri ýazgardy we hüjümlerde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

“Bild.de” Owganystanda bolan partlamada 13 amerikan esgeri ýogaldy. ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden terrorçylara “Sizi ýok ederis” diýdi.

“Şpigel.de” Owganystanda bolan partlamadan soň ABŞ-da baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy.

“Handelsblatt.de” Ýewropanyň merkezi banky, ýewro zolagynda orta möhletde infilýasynyň ýokarlap biljekdigini nygtaýar.

RBK habarlar saýty, Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi täze görnüş koronawirusa garşy 5-nji rus sanjymynyň ulanylmagyny tassyklady.

“Kommersant” gazeti, Gazagystanda harby merkezde bolan partlamada 4 adamyň ýogalandygyny, 90 adamyň ýaralanandygyny ýazdy.

“Al Pais” Ispaniýa, Owganystandaky göçürliş ilerini şu gün tamamlamagy meýilleşdirýär.

“Al Mundo” ABŞ, Kabulyň howa menziliniň golaýyndaky gyrgynçylykdan soň DAIŞ-e garşy giň gerimli hüjüm guramaga taýarlanýar.

“Telesur” Kuba koronawirusa garşy 12.9 million doza sanjym etdi.

 

 

 



Degişli Habarlar