Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1644556
Daşary ýurt metbugatyna syn

France 24: Parižde geçirilen Palestina bilen bagly protestde: "Fransiýa Ysraýylyň jenaýat şärigi" diýip şygarlar aýdyldy. 

L'Equipe: Düzüminde Türkiýäniň milli futbolçylary bolan Lill komandasy Anjers komandasyndan 2-1 hasabynda üstün çykdy we bal boýunça Pari Sen-Žermen komandasyny geçip Fransiýanyň Birinji futbol ligasynyň 2020-2021-nji ýylyň futbol möwsüminiň çempiony boldy. 

Le Monde: Ysraýyly-Palestina: Paradigmany üýtgetmek: Gazada täze bir söweşiň öňi alynmak islenýän bolsa iki halk üçin hem deň hukuklary üpjün etjek täze bir çemeleşme gerek. 

Al-Düstur (Iordaniýa): Ysraýylyň düzgün bozmalary ylalaşyk bilen bagly tagallalara ýaramaz täsir ýetirdi. 

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Beýik Britaniýa): Alžirli ýyldyz futbolçy Riýad Mahrez, Mançester Sitiniň Angliýanyň Premýer ligasynyň çempionlyk dabarasynda Palestinanyň baýdagyny açdy. 

Al-Raya al-Katariýýa (Katar): Jöhit ýaşaýjylar Aksa metjidine güýç ulanyp ýaňadandan girdiler. 

Bild.de: Italiýanyň demirgazygyndaky tanap ýoly heläkçiliginde 14 adam ýogaldy. Hadysanyň tanap liniýasynyň gopmagy sebäpli bolandygy çak edilýär. 

Ard.de: Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar nobatdan daşary maslahat geçirerler. Mesele: Russiýa we Belarussiýa. 

Deutsche Welle: Derňew: BionTech we AstraZeneke sanjymlary koronawirusyň Hindistanda ýüze çykan mutasiýasyna garşy täsirli.

La Wanguardia (Ispaniýa): Kowid-19 sebäpli Ispaniýada erbet keselleriň anyklanmagy 40 göterim azaldy. 

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada hassahanalaryň agyr keselliler bölümleri tunneliň beýleki ujundaky yşygy görmäge başladylar. Ýurtda koronawirusa ýolugýan adamlar şu aý 28 göterim peseldi. 

Telesur (Wenesuela): Katolikleriň ruhany lideri Papa Fransisk Kolumbiýadaky krizisiň çözülmegi üçin dialog geçirilmek barada çagyryş berdi. 

RIA Nowosti Agentligi: ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Wilnýus şäherine barýan Ryanair howa ýollaryna degişli ýolgçy uçaryň bomba bahanasy bilen Minsk şäherine adatdan daşary ýagdaýda gondurylmagyny berk ýagdaýda ýazgarýandyklaryny we göz tussaglygyna alynan belarussiýaly žurnalist Roman Protasewiçiň iň tiz wagtda azat edilmegini talap edýändiklerini habar berdi. 

RIA Nowosti Agentligi: Ýaponiýanyň Kýodo habarlar agentligi, SSSR-yň Kuril adalarynyň bir bölegini Ýaponoýa yzyna bermegini meýilleşdirýändigini subut edýän resminamalary çap etdi. 

Lenta.ru: Russiýada deputatlar, Döwlet dumasyna lukmanlara dil ýetirilmegine jeza berilmegini öz içine alýan kanun taslamasyny hödürlediler. 


Etiketkalar: #habar , #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar