Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugulary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1641277
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa: Katar, Ysraýylyň palestinalylara garşy guraýan hüjümlerini bes etmegi barada çagyryş berdi. 

Ýeni Haýat (Palestina-Günbatar Şeria): Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy: "Saglygy goraýyş infrastrukturasyny islendik şertde goramak esasy wezipedir" diýip belledi. 

Al-Watan (Oman): Gaza Ysraýylyň hüjümlerine garşy direnýär we halkara jemgyýetden Ysraýyla od açmazlyk barada çagyryş bermegini isleýär. 

Le Monde: Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheri, Afrika ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň galkynmagy bilen bagly maslahata ýer eýeçiligini edýär. 

Le Parisien: Fransiýanyň Saglygy goraýyş ministri Oliwier Weran: "Daşarda maskalaryň ulanylmagy haçan bes ediler" soragyna "Ýakynda bes ediler" diýip jogap berdi. 

Le Figaro: Kowid-19: Geçirilen ylmy-derňewe görä Pfizer we Moderna kärhanalarynyň sanjymlary koronawirusyň Hindistandaky görnüşine garşy täsirliligini goraýar. 

Deutsche Welle: Germaniýanyň razwedka gullugy Instagram gollanmasynda hasap açdy. 

Süddeutsche Zeitung: Germaniýada sanjymyň ýaşa görä artykmaçlyk gollanmasy 7-nji iýunda bes ediler. 

Tagessschau.de: Tokiodaky Olimpiýa oýunlary: Olimpiýa oýunlarynyň geçirilmezligini isleýän ýaponlaryň sany günsaýyn artýar. Türgenleriň we hemaýatkärleriň şübheleri ulalýar. Hökümediň üstündäki basyşlar artýar. 

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes, 50 ýaşdan kiçi bolan raýatlara iýun aýynda sanjym ediljekdigini habar berdi. 

La Wanguardia (Ispaniýa): Bir aý soň Ispaniýada açyk ýerlerde maska dakmak mejbur bolmakdan aýrylyp biler. 

Infobae (Argentina): Çilidäki saýlawlaryň garaşylmazyk netijesi: Jynsy taýdan san deňligi kanunyna görä, 11 zenan öz ýerlerini erkeklere bermäge mejbur bolar. 

RIA Nowosti: Finlýandiýa, gaýtadan işlenýän energiýa geçmegi meýilleşdirýär: şol sebäpli Russiýadan satyn alýan nebitiň mukdaryny azaldar. 

RBK habar saýty: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin umumy ýadro desga taslamasyny durmuşa geçirerler. 

Regnum: Russiýanyň Roskomnadzor gullugy, tapawutly düzgün bozmalar sebäpli Facebook we YouTube kärhanalaryna garşy çäklendirme girizip biler. 


Etiketkalar: #dünýä , #gazet , #habar , #metbugat

Degişli Habarlar