Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugulary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1640770
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa: TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, Kataryň Şura mejlisiniň başlygy Ahmet Al-Mahmut bilen Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerini ara alyp maslahatlaşdy. 

Ýeni Haýat (Palestina-Günbatar Şeria): Gaza: Basyp alyjy Ysraýyl tarapyndan Al-Wihde köçesinde guralan hüjümde şehit bolanlaryň sany 37 adama ýetdi. 

Al-Watan (Oman): Basyp alyjy Ysraýylyň Palestinanyň topraklarynda guran hüjümlerinde onlarça adam şehit boldy. Palestinanyň garşylyk güýji bolsa Ysraýyla raketalar bilen garşylyk görkezdi. 

Deutsche Welle: Germaniýanyň Hemişelik sanjym komissiýasy, koronawirusa garşy öňümizdäki ýyllarda hem sanjym işleriniň gerek bolup biljekdigini belledi. 

Süddeutsche Zeitung: Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Palestina-Ysraýyl dartgynlygyny ara alyp maslahatlaşarlar. 

Spiegel.de: Bawariýa Mýuhnen komandasynyň 32 ýaşyndaky polşaly futbolçysy Robert Lewandowskiý, bu futbol möwsüminde salan 40 goly bilen, Gerd Mýulleriň bir möwsümde iň köp gol salan futbolçy rekordyna ýetdi. 

Le Figaro: Kowid-19: Fransiýada koronawirus sebäpli gündelik ýogalýan adamlaryň sany ilkinji gezek 100 adamdan aşak düşdi. 

Le Monde: Koronawirus: Beýik Britaniýada 20 million adama sanjym edildi. Alžir serhetlerini çäkli ýagdaýda açar. 

France 24: Fransiýada Palestina goldaw berilip geçirilen demonstrasiýa müňlerçe adam gatnaşdy. 

Kommersant: ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen "Demirgazyk Akym-2" taslamasy boýunça gepleşik geçirmegi meýilleşdirýär. 

TASS: ABŞ-nyň Baş konsuly Emi Strou Russiýada iş alyp baran ýeri bolan Ýekaterenburg şäherinden gaýtdy. 

TASS: Belarussiýanyň Baş ştabynyň başlygynyň orunbasary Igor Korol, soňky wagtlarda NATO degişli harby uçarlaryň sebitde köp uçuş amala aşyrýandygyny, NATO-nyň Belarussiýa ýa-da Russiýa howa hüjümi guramagy meýilleşdirýär bolup biljekdigini habar berdi. 

Infobae: Papa Fransisk Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky dartgynlyk bilen bagly duýduryş berdi. 

El Konfidensial (Ispaniýa): Çilidäki saýlawlar: Garaşsyzlar we oppozisiýa, 80 göterimlik dereje bilen sesleriň aglabasyny aldy. 

El Klarin (Argentina): Argentinanyň Prezidenti Alberto Fernandez: "Iň gysga wagtda Halkara Pul gaznasy bilen ylalaşmak isleýärin" diýip belledi. 


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar