Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugulary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1639331
Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Mond: Ysraýyl-Palestina: Ysraýylyň goşunlary Gazada gury ýerden operasiýa başladandygyny habar berdi, soň bolsa onuň nädogrudygyny beýan etdi.

Frans-24: Parižiň guberniýasy şenbe güni Palestina goldaw üçin geçirilmegi meýilleşdirilýän demonstrasiýany gadagan etdi.

Liberasion: Ysraýylda wakalaryň “içerki urşa öwrülmegine” alada bildirilýär.

Suddaýçe Zaýtung: Ysraýylyň Gaza Sektoryna howa hüjümleri dowam etdi.

Tagesşau.de:Nemes polisi galp sanjym şahadatnamasynyň uly meselä öwrülendigini beýan etdi.

Doýçe Welle: Germaniýada 26-njy sentýabrda geçiriljek saýlawda üç partiýanyň premýer-ministrlige dalaşgärleri belli boldy.

El Mundo: Göwreli aýallar we 12-15 ýaş aralygyndaky çagalar Ispaniýanyň saglyk-sanjymlama strategiýasynyň täze toparlary hökmünde kesgitlendi.

La Wanguardiýa: Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançez iýun aýynda 13 million doza “Pfizer” sanjymynyň geljekdigini beýan etdi. Ol maý aýynda gelen sanjymdan iki esse ýokary.

Infobae: Wenesuela hökümetiň we oppozisiýanyň syýasy gepleşikleri dowam etdirmek isleýän günlerinde 21-nji noýabrda ýerli saýlawlary geçirer.

Eldustur: Yragyn Premýer-ministri Mustaga al-Kazymi: Yrak palestin halkynyň göreşini goldaýar.

Al Jazira: Gaza hüjümi boýunça global operasiýa: BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlis geçirmegi üçin çagyryş edilýär, Waşington garşy durýar, Fransiýa demonstrasiýalary gadagan edýär, Germaniýa duýduryş berýär.

Alkudus Al-Arabi: Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan: Halkara jemgyýetçilgini Ysraýyla degişli gaýtawuly görkezmäge razy etmek üçin iş aly barýarys.

Lenta.ru: Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin Kazan şäherindäki mekdepde edilen gyrgynçylygy barbarlyk jenaýaty hökmünde häsýetlendirdi.

TASS: ABŞ-nyň Prezident Baýden Russiýanyň Prezidenti Putin bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşygynda kiber göreş boýunça pikir alyşmak isleýändigini beýan etdi.

Izwestiýa: Bilermenler iýun aýynda rus syýahatçylarynyň ýurdun içindäki iň köp isleg bildirilýan destinasiýalaryn Moskwa, Sankt-Peterburg we Soçi şäherleridigini beýan etdiler.



Degişli Habarlar