Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar

1632773
Daşary ýurt metbugatyna syn

Spiegel.de: Braziliýanyň Döwlet baştutany Žair Bolsonarunyň takmynan 400 müň braziliýalynyň koronawirus epidemiýasyndan ýogalmagyndaky jogapkärçiligini derňemek maksady bilen derňew komissiýasy dörediler. 

Deutsche Welle: Ýewropa Bileleşigi agza ýurtlara galyndy suwlary derňemek barada çagyryş berdi. ÝB agza ýurtlara Kowid-19 wirusyny möhletinden ir anyklamak üçin galyndy suw ulgamlaryny derňemäge çagyrdy. ÝB muny irki duýduryş ulgamy hökmünde garaýar. 

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Beýik Britaniýa 2022-nji ýylda ýokanç keseller bilen bagly maslahata ýer eýeçiligini eder. 

Al-Mustakbal (Liwan): Gün tupany tiz depginler bilen Dünýä tarap hereket edýär, emeli hemralara täsir ýetip biler. 

Al-Watan (Oman): Eýran ABŞ-nyň nebit we banky ulgamlaryna garşy goýan embargolaryny aýyrjakdygyny çak edýär. 

El Tiempo (Kolumbiýa): Kolumbiýanyň Döwlet baştutany Iwan Dukeniň Salgyt reformasyny yzyna çekmeginden soň, ýurdyň biri-birinden tapawutly pudaklary bilen pikir alyşylyp täze bir taslama düzülip taýarlanar. 

El Mundo (Ispaniýa): 4-nji maýda geçiriljek Madrid ýerli parlament saýlawyndan ozal Halkçy partiýada umyt: Izabel Dias Aýuso üstün çykar.

El Universal (Meksika): Meksikada bir adamda Kowid-19-yň Hindistandaky mutasiýasy anyklandy. 

Le Figaro: Kowid-19: Fransiýada 10 km çägiň tamamlanmagy we açylyşyň başlangyjy. Fransiýada karantin günlerinde 10 km-lik aralyga çenli ýöremäge rugsat berilipdi. Karantin düzgünlerinden soň tapgyrlaýyn açylyş 3-nji maýda başlar. 

Le Monde: 1-nji maý çäreleri: Parižde Umumy Iş konfederasiýasy kerwenine garşy aşa güýç ulanylmagy bilen bagly derňew işi başladyldy. 

Le Parisien: SNCF (Fransiýanyň Otly dolanşyk edarasy): "Bu tomus üçin iň köp 39 ýewro 5 million petek satuwa çykaryldy" diýip habar berdi. 

Russia Today: The National Interest gazediniň berýän habaryna görä, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Russiýa bilen bagly aýdan sözleri sebäpli, Russiýa we Hytaý şärik bolup biler we bu ýagdaý ABŞ üçin apat bolar. 

Regnum Agentligi: Ukrainanyň gündogarynda birtaraplaýyn häsýetde garaşsyzlygyny yglan eden Donetsk Halk Respublikasynyň başlygy Denis Puşilin, Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen duşuşyk geçirmäge taýardygyny beýan etdi. 

Lenta.ru: Gyrgyzystan we Täjigistan, serhetdäki harby güýçlerini yzyna çekdiler. 29-njy aprelde başlan çaknyşyklaryň netijesinde Gyrgyzystanyň 34 raýaty şehit boldy. 


Etiketkalar: #habar , #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar