Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1628322
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Prezident Rejep Taýýip Erdogan we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlaryny özgertmek babatynda ylalaşdylar. 

Watan (Oman): ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň genosid bilen bagly beýanatyndan soň, ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy. 

Al-Mustakbal (Liwan): Yragyň paýtagty Bagdatdaky hassahana ýangynyndan soň, ýurdyň Saglygy goraýyş ministri we welaýat gubernatory wezipesinden çetleşdirildi. Waka bilen bagly derňew işi başladyldy. 

Bild.de: Entoni Hopkins 29 ýyl arakesmeden soň, Oskar dabarasynda "Iň gowy erkek aktýor" sylagyna laýyk görüldi. 

Deutsche Welle: Germaniýa Hindistana Kowid-19-a garşy göreşiň çäginde adatdan daşary ýagdaýda kömek ugradýar. 

Spiegel.de: Oskar dabarasy: Iň gowy kino-film sylagyna “Normadland” atly film laýyk görüldi. 

France 24: Fransiýada Kowid-19 epidemiýasyna garşy görülýän öňüni alyş çäreleriň çäginde 4 hepde ýapyk bolan başlangyç synp mekdepler we çagalar baglary şu gün açyldy. 

Le Monde: Kowid-19: Ýewropa Bileleşigi sanjym bolan amerikaly syýahatçylara serhetlerini açmaga taýar. 

Le Parisien: Fransiýanyň 1-nji futbol Ligasy (Ligue 1): Türkiýäniň milli futbolçysy Burak Ýylmazyň garşydaş komandanyň derwezesine 2 pökgi geçiren we gol bilen netijelenen pas beren Lill komandasy, Liony 3-2 hasabynda ýeňdi we çempionlyga ýene-de bir ädim golaýlaşdy. 

El Pais (Ispaniýa): Türkiýe ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden tarapyndan toslama ermeni genosidiniň kabul edilmegini ret edýär, ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy. 

El Mundo (Ispaniýa): Kowid-19 Ýewropa: Sanjym entek çäreleriň gowşadylmagyna rugsat bermeýär. Koronawirusyň täze görnüşlerine garşy berk ýagdaýda gözegçilik edilmeli.

Prensa Latina (Kuba): Kubaly ýaşlar, ABŞ-nyň embargosyna garşy II Bütindünýä ýasawulyň başynda gelýär. 

RIA Nowosti Agentligi: Roskosmos gullugy, Britaniýa degişli 36 aragatnaşyk hemrasyny orbita çykardy. 

Kommersant Gazedi: Russiýa benzin eksportyny birnäçe wagtlyk çäklendirip biler. 

Lenta.ru: Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, Çehiýanyň elinde Russiýany Wrbetise şäherindäki partlama bilen bagly hiç hili subutnamasynyň ýokdugyny belledi. 



Degişli Habarlar