Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1616366
Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Monde: Kowid-19 epidemiýasyndan ozalky gündelik durmuşa gaýdyp geliş, sanjyma garamazdan tankydy maksat. 

Le Figaro: Parižiň häkimi Anne Hidalgo Pariždäki hapalyga garşy çäre görmezlik bilen günäkärlenýär. 

France 24: Ýewropa Bileleşigi liderleri dartgynlygy azaltmak üçin Türkiýä bardylar. 

Zeit.de: Kassel şäheri, NSU guramasy tarapyndan öldürilen Halil Ýozgadyň ýogalmagynyň 15-nji ýylynda hatyralama çäresini geçirdi. 

Frankfurter Allgemeine Zeitung: Ýewropanyň Derman agentligi EMA, AstraZeneka kärhanasynyň koronawirus sanjymy bilen adamlaryň ganynyň goýalmaklarynyň arasynda arabaglanşygyň bardygyny belledi. 

Salzburger Nachrichten (Awstriýa): Eýran we ABŞ Wenada ýadro ylalaşygyny halas etmek üçin gepleşiklere başladylar. 

El Pais (Ispaniýa): Halkara Pul Gaznasy Ispaniýada 2027-nji ýyldan ozal işsizligiň Kowid-19 pandemiýasyndan ozalky derejesine ýetmez diýip pikir edýär.

Infobae (Argentina): Beýik Britaniýa tromboz bilen bagly derňew geçirýän günlerinde, Oksford uniwersitedi AstraZeneka kärhanasynyň çagalaryň üstündäki Kowid-19 sanjymy bilen bagly synaglaryny bes etdi. 

Telesur (Wenesuela): Dünýäniň takmynan 190 ýurdy Kowid-19 sanjymlaryna başlady. 

Al jazeera: The New York Times: Ysraýyl Waşingtona Gyzyl deňizde Eýrana degişli gämä od açandyklaryny habar berdi. 

Al dastour (Iordaniýa): ABŞ ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelinmegi üçin sanksiýalary ýeňilleşdirmegini teklip edýän bolsa, Eýran sanksiýalaryň dolulygyna aýrylmagyny isleýär. 

Gazetem.ru: Peskow: Ukraina NATO girse bölüner. Ukrainanyň Döwlet batutany Wladimir Zelenskiýniň NATO agza bolmak bilen bagly beýanatynyň üstünde durup geçen Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Ukrainanyň NATO agza bolmagynyň diňe özüne zyýan ýetirjekdigini beýan etdi. 

Izwestiýa: Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kuleba, Fransiýanyň Liberation gazedine beren interwýusynda, Donbassda söweşiň ýüze çykmagyny islemeýändiklerini, emma esgerlerine hüjüm guralan halatynda garşylyk görkezjekdiklerini habar berdi. 

TASS: Zoom kärhanasy programmanyň rus döwlet kärhanalary tarapyndan ulanylmagyna çäklendirme girizdi. 


Etiketkalar: #metbugat , #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar