Daşary ýurt metbugatyna syn
Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar
Bild.de: ABŞ-da elhenç ulag heläkçiligi başdan geçirildi. Ýük ulagy bilen meýdan ulagynyň çakyşmagy netijesinde, meýdan ulagynyň içindäki 26 adamyň 15-si ýogaldy.
ard.de: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel koronawirus epidemiýasy sebäpli görülen çäreleriň ünsli ýagdaýda gowşadylmagynyň tarapdary.
Aldustour: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy: Dünýä koronawirusyň hötdesinden ýylyň ahyryndan ozal gelip bilmez.
Alraýa: Katar-Türk harby topary, hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.
Alkudus: AstraZeneca kärhanasy tarapyndan öndürilen Kowid-19 sanjymy Fransiýada we Germaniýada meşhur däl.
Infobae, Argentina: Boliwiýada tragediýa: 60 adamyň gatnaşan maslahatda germeç döwüldi. Azyndan 5 talyp 4-nji gatdan ýere gaçyp ýogaldy.
El Mundo, Ispaniýa: Ispaniýanyň Şasynyň aýal doganlary Elena we Kristina Abu Dabide koronawirus sanjymyny etdirdiler.
La Wanguardia, Ispaniýa: AstraZeneca kärhanasynyň sanjymy, islendik ýaş toparynda Pfizer kärhanasynyň sanjymy ýaly täsirli.
Le Monde (Fransiýa): Galplyk etmek bilen aýyplanyp, 3 ýyl azatlykdan mahrum edilen Fransiýanyň ozalky Prezidenti Nikolýa Sarkozi, adalatsyzlygyň gurbany bolandygyny öňe sürýär.
Le Parisien (Fransiýa): Alžir söweşi: Fransiýa alžirli aklawçy, aktiwist Ali Boumendželiň 1957-nji ýylda öldürilendigini kabul etdi. Alžirli aktiwistiň ölümini öz janyna kast eden ýaly görkezmek üçin tussag edileninden soň, Fransiýanyň goşuny tarapyndan binalaryň biriniň 6-njy gatyndan aşak zyňylypdy.
İnterfax.ru: ABŞ hökümet guramalarynyň Russiýa kredit bermegini gadagan etdi.
TASS: Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, ABŞ-nyň Russiýa garşy kabul eden sanksiýa kararyna simmetrik däl, eýsem özara garşylyk ýörelgesine laýyklykda jogap berjekdiklerini habar berdi.
Wedomosti: Halkara maslahat beriş kärhanasy Cushman & Wakefield tarapyndan taýarlanan habarnama görä, Moskwa şäherindäki myhmanhanalar Ýewropada dolulyk derejesi taýdan lider boldy.