Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar

1593231
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Düstur (Iordaniýa): Jöhit ýaşaýjylar, Aksa metjidiniň garşysynda ellerinde spirtli içgili çüýşeler bilen tans edip, metjidiň howlusynda talmud dessuryny ýerine ýetirdiler. 

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): Agnes Kallamard: "ABŞ-nyň Saud Arabystanynyň Mirasdar şazadasy Muhammed bin Selmany Jemal Kaşykçy jenaýaty sebäpli jezalandyrmazlygy howply" diýip belledi. 

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): BAE-niň Ysraýyldaky ilkinji ilçisi hökmünde bellenen Muhammed Mahmud Al Haja ynanç hatyny Ysraýylyň Prezidenti Reuwen Riwline gowşurdy. 

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Sudan: Sudanyň port şäheri bolan Port Sudan atly şähere ABŞ-a degişli esmines gämisi geldi. 

Le Figaro: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, şu gün agşam Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş bolar. 

Le Soir: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň berýän habaryna görä, şu ýylyň ahyryna çenli koronawirus dolulygyna ýok bolmaz. 

Le Monde: Kowid-19: Ýewropa Komissiýasy şu aýyň içinde Sanjym pasporty taslamasyny hödürlär. 

Deutsche Welle: Germaniýada koronawirus bilen bagly girizilen çäklendirmelerden soň dellakhanalara gyzyklanma artdy. 

Tagesschau.de: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň berýän habaryna görä, koronawirusyň ýokanç derejesi dünýä derejesinde artýar. 

TASS: Reuters agentligi ABŞ-nyň 2-nji martdan başlap oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň ýagdaýy sebäpli Russiýa garşy täze sanksiýalar tapgyryny girizip biljekdigini habar berdi. 

Kommersant Gazedi: Ukrainanyň tebigy gaz kärhanasy Naftogaz kärhanasynyň başlygy Andreý Kobolew, Ukrainanyň Demirgazyk Akym-2 tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň tamamlanmagyna garşy taýarlyklydygyny mälim etdi. 

Wedomosti: Russiýanyň wise-premýeri Tatýana Golikowa, Russiýada koronawirusa garşy umumy immunitediň awgust aýynda bolup biljekdigini belledi. 

El Mundo: Ispaniýada rep aýdymçysy Pablo Haseliň tussag edilmegine garşy geçirilen protestlerde zorluklaryň artmagynda, sosial medianyň üsti bilen jemlenişen ýaşlaryň hepdäniň ahyrynda Kataloniýa sebitine gitmekleri täsirli boldy. 

TeleSur: Perunyň prokuraturasy ýurdyň ozalky Döwlet baştutany Alberto Fuhimori we ülkäniň ozalky üç Saglygy goraýyş ministrine garşy günäkärlemeleri we şikaýatlary resmileşdirdi. 


Etiketkalar: #agentlik , #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar