Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar

1591299
Daşary ýurt metbugatyna syn

zdf.de: Federal Baş Prokuratura, Berlindäki Mejlisiň binasynyň gurluş meýilnamasyny Russiýanyň razwedkasyna berendigi öňe sürülen nemes raýatyna garşy kazyýet işini gozgady. 

Deutsche Welle: Hytaýda ýene-de 2 sanjymyň ulanylmagyna ygtyýar berileninden soň, ýurtda Kowid-19-a garşy oýlanyp tapylan sanjymlaryň sany 4-e ýetdi. 

Welt: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, daşary ýurt syýahatçylygyny we syýahatçylyk pudagyny janlandyrmak üçin güntertibe getirilen sanjym pasporty babatynda duýduryş berdi. 

Aldustour: Johnson&Johnson kärhanasynyň dozasynda, Pfizer kärhanasynyň täsirliliginde we Moderna kärhanasynyň sanjymy boýunça täze maglumatlar bar. 

Alaýýam: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet: "Palestinalylar döwlet bolmak we garaşsyzlyk üçin kanuny tamanyň içinde" diýip belledi. 

Alkudus: Mýanmada protestçileriň arasyndaky çaknyşyklar sebäpli, ýurdyň goşuny has uly sanksiýa howpunyň astynda. 

Le Parisien: Kowid-19: Parižiň şäher häkimi Anne Hidalgo, Pariž üçin 3 hepdelik berk karantin düzgüniniň girizilmegini talap edýär.  

Le Monde: Karantinyň başlangyjyndan 9 aý soň, Fransiýada täze dogulan bäbekleriň sanynda rekord derejede peseliş boldy. 

Le Figaro: Ýewropa Bileleşigi tomus aýynyň ahyryna çenli Ýewropalylaryň 70 göterimine sanjym etmegi maksat edinýär. 

El Mundo (Ispaniýa): Ýurdyň ozalky Şasy I Huan Karlos bilen bagly günäkärlemeler dowam edýär. Huan Karlos, döwletiň gaznasyndan pul alanlygy sebäpli Gazna ýene-de 4 million ýewro tölemeli bolar.  

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada geçirilen 2 aýry barlag, basyp alyjy çybyn görnüşleriniň Ýewropany öz täsiri astyna alandygyny we şol çydamly çybyn görnüşleriniň biri-birinden tapawutly keselleri daşap bilýändigi ýüze çykdy. 

El Nasional (Wenesuela): Ýewropa Bileleşigi we Wenesuelanyň arasyndaky dartgynlyk: ÝB bu gezek bolsa Wenesuelanyň wekilini islenmeýän adam yglan etdi. 

TASS: Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja beren beýanatynda, Rus Sputnik-V sanjymynyň synaglarynyň geçirilmäge başlanandygyny mälim etdi. 

Vedomosti: Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin, hassahanalarda bejergi astyna alynýan Kowid-19 syrkawlarynyň sanynyň azalan halatynda 1.2 aýyň içinde çäklendirmeleriň tapgyrlaýyn häsýetde aýrylyp bilinjekdigini belledi. 

Rossiýskaýa Gazeta: Russiýanyň Goranmak ministrligi: "Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, Garabag söweşinde partlamandygyny öňe süren "Isgender" raketalary babatynda ýalňyş maglumat berdi, raketalaryň hiç biri çaknyşyklarda ulanylmady" diýip beýan etdi. 


Etiketkalar: #agentlik , #gazet , #metbugat , #dünýä

Degişli Habarlar