Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1583568
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): 12,4 million siriýaly raýat azyk gytçylygyna sezewar galdy. 

Watan (Oman): ABŞ-da koronawirus epidemiýasy sanjymy dermanhanalarda satylýar.  

Al-Mustakbal (Liwan): ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon: "Sebitdäki esgerlerimiz Eýran howpyny ortadan aýyryp biljek güýje eýe" diýip belledi. 

Le Monde: Fransiýada Kowid-19 bilen iş ýerlerinde, kompýuterleriň başynda günortan naharyny iýmek kanunylaşýar. 

Le Figaro: Fransiýada azyk banklaryndan peýdalanýanlaryň ýarsy, şol kömege 1 ýyldan hem az wagtda ýüz tutdy. (Bellik: Fransiýada azyk banklary, maddy ýagdaýy gowy bolmadyk adamlara azyk kömegi bilen üpjün edýär).

Le Parisien: Parižde bir enäniň bäbegi bilen birlikde bolan mahaly hüjüme sezewar galmagy dartgynlyga sebäp boldy. 

El Pais (Ispaniýa): Kataloniýadaky saýlawlar: Geçen hepdäniň ýekşenbe güni Kataloniýa sebitinde geçirilen saýlawlarda aýralykçylar ýaňadandan güýç gazandy.  

El Mundo (Ispaniýa): Kataloniýadaky saýlawlarda aýralykçy bolmadyk Katalon sosialist partiýasy sesleriň köplügi boýunça 1-nji boldy, emma aýralykçylar häzirki pozisiýalaryny goradylar. 

El Nasional (Wenesuela): Wenesuela Russiýanyň Sputnik V sanjymlarynyň ilkinji tapgyry geldi.  

Tagesschau.de: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, 9 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen Hanau şäherinde guralan hüjümiň 1-nji ýylyndan öň beren beýanatynda, agzybir bolup ýaşamak isleýän her kimi rasizme garşy jebislige çagyrdy. 

Gazete.ru: Russiýanyň harby resmileri we hünärmenler raketa hüjümini ozaldan habar berýän duýduryş ulgamynyň synaglaryny tamamladylar. 

Lenta.ru: Russiýa 15-nji fewral duşenbe gününden başlap Azerbaýjana we Ermenistana koronawirus epidemiýasy sebäpli togtadylan uçar saparlaryny ýaňadandan başlatdy. 
Westi.ru: Ilkinji gezek Britaniýada anyklanan koronawirus epidemiýasynyň mutasiýa sezewar bolan täze görnüşini anyklap bilýän dünýäniň ilkinji testi Russiýada hasaba alyndy.

Etiketkalar: #gazet , #metbugat , #dünýä

Degişli Habarlar