Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1579826
Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: Germaniýada 2020-nji ýylda musulmanlara we musulmanlara degişli guramalara garşy 900-den gowrak hüjümiň guralandygy mälim edildi. 

zdf.de: Awstriýanyň hökümeti koronawirus epidemiýasy sebäpli Tirol welaýaty üçin syýahatçylyk duýduryşyny berdi. 

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): Mýanmanyň resmileri, protestlere garşy aşa güýç ulanmak bilen hemle atýarlar we ýurdyň käbir şäherlerinde berk howpsuzlyk çärelerini görýär. 

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): ABŞ-nyň Siriýadaky güýçleriniň maksady indi nebiti goramak däl. 

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Kataryň wise-premýeri we Daşary işler ministri Şeýh Muhammed bin Abdurrahman Al-Sani, ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Salliwan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Le Figaro (Fransiýa): Kowid-19: Fransiýada mekdepleriň lukmanlary, mekdepleriň 4 hepdeligine ýapylmagyny talap edýär. 

France 24 (Fransiýa): Koronawirus: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň direktory bilen sanjym işleriniň çaltlandyrylmagy bilen bagly mesele barada gürrüňdeş boldy. 

El Pais: Ispaniýanyň Ykdysady işler we sanly üýtgeşme ministri Nadiýa Kalwino, Kowid-19 pandemiýasynda başdan geçirilen 3-nji tolkunyň täsiriniň ululygy sebäpli, döwletiň kärhanalara ykdysady goldawyny artdyrmalydygyny beýan etdi. 

El Mundo: Kataloniýanyň Parlamendiniň başlygy Rojer Torren, Kataloniýa meselesiniň çözüwiniň döwletiň referendumy kabul etmegi bilen boljakdygyny habar berdi. 

TeleSur: Ekwadoryň Milli saýlaw geňeşiniň maslahatçysy Hose Kabrera, Ekwadoryň mediasynyň geçiren metbugat ýygnagynda, Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyrynda dalaşgär Andres Arauz bilen kimiň bäsleşjekdigini kesgitlemegiň ençeme gün alyp biljekdigini mälim etdi. 

Russia Today: Germaniýanyň hökümeti, Ýewropada koronawirus sanjymlarynyň paýlanşygy babatynda başdan geçirilýän düşünişmezçilikler sebäpli Russiýa tarapyndan öndürilen sanjymyň alynmagynyň üstünde durup geçdi. 

Izwestiýa Gazedi: Russiýanyň Daşary işler ministrligi, Polşanyň, Germaniýanyň we Şwesiýanyň rus diplomatlary ýurtdan çykarmaklaryny esassyz hereket hökmünde häsýetlendirdi. 


Etiketkalar: #gazet , #dünýä , #metbugat

Degişli Habarlar