Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1573454
Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: Kassel welaýatynyň ozalky gubernatory Walter Lýubkeniň öldürilmegi bilen bagly kazyýet işi netijelendi. Jenaýatçy Stefan Ernst ömür boýy azatlykdan mahrum edildi. 

zdf.de: Germaniýanyň hökümeti koronawirusyň mutasiýa sezewar bolan görnüşiniň hasaba alynan ýurtlaryna syýahatçylyk gadagançylygyny girizmek isleýär. 

ard.de: Germaniýanyň Sanjym komissiýasy, AstraZeneca kärhanasy tarapyndan oýlanyp tapylan Kowid-19 sanjymynyň 65 ýaş we ondan ýokary ýaşda bolan adamlara edilmezlik barada maslahat berdi. 

Al-Kudus Al-Arabi: Britaniýa BAE-den geljek ýolagçylaryň ýurda girmegini gadagan etdi. 

Al-Kudus Al-Arabi: BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş: "Palestinanyň halkynyň öz ykbalyny özüniň çözmegine we garaşsyzlyk hukugyna hormat goýulmalydyr" diýip belledi. 

Al-Dustour (Iordaniýa): Waşington: "Ýadro ylalaşygana gaýdyp gelmek Eýranyň öz üstüne düşýän jogapkärçilikleri ýerine ýetirmegine baglydyr" diýip belledi. 

Al-Raya (Katar): Owganystanyň Garaşsyz adam hukuklary komissiýasy, asuda ilat ýitgileriniň geçen ýyl 2019-njy ýyla garanyňda 21 göterim azalandygyny habar berdi. 

La Tersera (Çili): Hytaýyň Sinowak laboratoriýasyndan ilkinji tapgyr Koronawak sanjymlary Çilä getirildi. 

El Mundo (Ispaniýa): Ýewropa Bileleşigi, sanjym eksportyny gadagan edip biljek mehanizmi durmuşa geçirmäge başlady. 

El Pais (Ispaniýa): Koronawirus epidemiýasynyň 1-nji ýylynda Ispaniýada 622 müň 600 adam işsiz galdy we işsizlik derejesi 16,3 göterime ýetdi. 

Le Parisien: Fransiýada şäherleriň töweregindäki ýaşaýyş ýerlerine hökümet 3,3 milliard ýewro pul serişdesiniň bölünip aýryljakdygy barada söz berdi. 

Le Figaro: Barkhane operasiýasy: ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon, Pariže hiç hili söz bermedi. 

Le Monde: Fransiýadaky jynsy we maşgala içindäki jenaýatlar 2020-nji ýylda karantin bilen birlikde azaldy. 

RIA Nowosti:Russiýada ýokary okuw jaýlary 7-nji fewralda adaty bilime gaýdyp gelip biler. 

Interfaks: Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Ukrainanyň Milli Howpsuzlyk we Goranyş geňeşiniň Russiýadaky käbir hususy kärhanalara we şahsyýetlere garşy sanksiýa goýmak barada karar kabul edendigini habar berdi. 

Regnum: Russiýa Today agentliginiň baş redaktory Margarita Simonýan, Ukrainanyň gündogarynda birtaraplaýyn häsýetde garaşsyzlyklaryny yglan eden iki respublikany Russiýa birikdirmek barada çagyryş berdi. 


Etiketkalar: #gazet , #dünýä , #metbugat

Degişli Habarlar