Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1571969
Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Parisien: Pari Sen-Žermen komandasy bilen geçen aý geçirilen duşuşykda rasist hüjüme sezewar galan Başakşehir komandasynyň tälimçisiniň kömekçisi Pierre Webo, PSŽ-nyň ozalky tälimçisi Tomas Tuçeliň ýetersiz goldawyna gynanandygyny belledi. 

Le Monde: Kowid-19: ÝB sanjym öndürijilerine jogapkärçilikleri barada duýduryş berdi. 

France 24: Kowid-19: Fransiýada mugallymlar, okuwçylar we mekdepleriň şepagat uýalary iş taşlaýyş yglan etdiler. 

Al-Kudus al-Arabi: Resmi Waşington: "Palestinada iki döwletli çözgüde goldaw berýäris" diýip belledi. 

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al-Sani, Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdülazize, Şa gyzy Tarfe binti Saud bin Abdülaziziň ýogalmagy sebäpli gynanç hatyny ugratdy. 

Ad-Düstur (Iordaniýa): BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterriş: "Dünýä asyryň iň erbet ykdysady krizisini başyndan geçirýär" diýip belledi. 

Deutsche Welle: Täze mutasiýa Germaniýada howsala döretdi: Bu gezek adamlaryň yssy howada hem saglyk ýagdaýy gowulaşman biler. 

Süddeutsche Zeitung: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ilkinji telefon arkaly söhbetdeşligi: Berliniň ABŞ-dan garaşýanlary köp. 

Bild.de: Koronawirus mutasiýasy: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel syýahatçylyk çäklendirmesini talap edýär. 

El Mundo (Ispaniýa): Kowid-19 sebäpli derslere girip bilmeýän okuwçylaryň sanyndaky artyş mugallymlary we ene-atalary aladalandyrmaga başlady.

La Vanguardia (Ispaniýa): Halkara Pul gaznasynyň çaklamalaryna görä Ispaniýa garaşylýandan has az ösüş eder. 

Telesur (Wenesuela): Wenesuelanyň Döwlet ýolbaşçysy Nikolas Maduro, bu hepde koronawirusyň bejergisi üçin ýerli Korwatwir atly dermanyň önümçiligine başlanandygyny habar berdi. 

Kommersant: Russiýanyň Döwlet baştutany Wlaidmir Putin, wezipä täze başlan ABŞ-nyň Prezident Jo Baýden bilen ilkinji gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. 

RIA Nowosti: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Täze strategik ýaraglaryň azaldylmagy ylalaşygynyň möhlediniň uzadylmagy bilen bagly karary rus parlamendiniň aşakgy ganady bolan Dumanyň garamagyna hödürledi. 

TASS: Russiýa, geçen ýyl pandemiýa sebäpli bes edilen Wýtenam, Hindistan, Finlýandiýa we Katar ýaly ýurtlara uçar saparlaryny ýaňadandan amala aşyrmaga başlady. 


Etiketkalar: #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar