Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1568237
Daşary ýurt metbugatyna syn

zdf.de: Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, Jo Baýdeniň ABŞ-nyň Prezidenti hökmünde wezipä başlamagyndan hoşaldygyny beýan etdi.

Deutsche Welle: Germaniýada erkek jüýjeleriň ýok edilmegi gadagan ediler. 

Süddeutsche Zeitung: Germaniýada köpçülikleýin ulag serişdelerinde we dükanlarda maskanyň FFP2 görnüşi ýa-da lukmançylyk maskalar mejbur ýagdaýa getiriler. 

La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäheriniň merkezindäki binalaryň birinde bolan partlamada azyndan 3 adam ýogaldy. 

El País (Ispaniýa): ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, ähli amerikalylary ähli zady başyndan başlamaga çagyrdy. 

Telesur (Wenesuela): Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro, Milli mejlisi ABŞ bilen gatnaşyklary ýaňadandan ýola goýulmagy üçin işe girişmäge çagyrdy. 

Le Parisien: Kowid-19: Fransiýa ÝB ýurtlaryndan geljek ýolagçylar üçin Kowid-19 testleri mejbury ýagdaýa getirmegi pikir edýär.  

Le Monde: Fransiýanyň Mejlisi saglygy goraýyş ulgamyndaky adatdan daşary ýagdaýyň uzadylmagyny tassyklady. 

Le Figaro: Fransiýada Yslam tertipnamasy: Fransiýanyň Yslam geňeşine degişli 3 federasiýa resminamanyň häzirki görnüşine gol çekmegi ret edýär. 

Al Jazeera: ABŞ-daky Kasam edişlik dabarasyndan soň: Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeni Eýran bilen ýüzleşmäge çagyrdy. 

Al-Kudus Al-Arabi: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Jo Baýden wezipä başlamadan 1 sagat ozal BAE bilen ýarag şertnamasyny baglaşdy. 

Al-Raýa (Katar): Müsür Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýaňadandan başlandygyny mälim etdi. 

Kommersant: 2020-nji ýylda Russiýa gelen daşary ýurtlylaryň sany 2019-njy ýyla garanyňda 70 göterim azaldy. 

RIA Nowosti: NASA, Russiýadaky wekilhanalarynyň sanyny azaltmak isleýär. 

Russia Today: Roskomnadzor edarasy, VKontakte gollanmasyndan tussag edilen rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň azat edilmegi üçin geçirilen protestlere gatnaşmak baradaky çagyryşlary aýyrmagyny talap edýär. 


Etiketkalar: #metbugat , #dünýä

Degişli Habarlar