Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1567407
Daşary ýurt metbugatyna syn

n-tv: Germaniýada Federal hökümetiň we welaýat hökümetleriň gatnaşmagynda geçirilen koronawirus bilen bagly maslahatda, karantin düzgüniniň 14-nji fewrala çenli uzadylmagy we maskalaryň mejburylygynyň berk gözegçilikde saklanmagy barada karara gelindi. 

Süddeutsche Zeitung: Halkara Pul gaznasy Germaniýa üçin ösüş çaklamalaryny ýene-de bir gezek peseltdi. 

Frankfurter Allgemeine Zeitung: ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Hytaýy uýgurlara garşy genosid etmek bilen günükärleýär. 

Al Jazeera: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, hoşlaşyk beýanatynda: "Söweşe gitmedik ilkinji Amerikan Prezidenti men" diýip habar berdi. 

Al-Kudus Al-Arabi: Şu gün Jo Baýden ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti hökmünde wezipä başlar. 

Al-Dustour (Iordaniýa): BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterriş: "Basyp alyşlyk astyndaky Palestinanyň topraklarynda ýaşaýyş ýerleriniň gurulmagy Halkara hukugyň açyk bir düzgün bozmasydyr" diýip belledi. 

El País (Ispaniýa): Mart aýyndan başlap, 70 ýaşdan ýokary bolan 6 milliondan gowrak adama Kowid-19 sanjymy ediler. 

Infobae (Argentina): Russiýa EpiVacCorona sanjymynyň Kowid-19-a garşy 100 göterim täsirlidigini beýan etdi. 

Prensa Latina (Kuba): Panama Kowid-19-a garşy Pfizer-BionTech sanjymlarynyň ilkinjileri baryp ýetdi. 

Le Monde (Fransiýa): Ýewropada ulag serişdeleriniň sebäp bolan howanyň hapalygyndan iň köp adam ýitgisini çekýän şäher Pariž hökmünde hasaba alyndy. 

Le Matin (Şweýsariýa): Kowid-19, Şweýsariýada her 1000 adamyň 1-niň ýogalmagyna sebäp boldy.  

Le Parisien (Fransiýa): Kowid-19: 2-nji tolkunyň has öldürijidigi anyklandy. 

TASS Agentligi: ABŞ-nyň Döwlet sekretary wezipesine dalaşgär bolan Entoni Blinken, Türkiýäniň Russiýadan S-400 ulgamlaryny satyn almagynyň kabul edilip bilinjek hereket däldigini belledi.  

Kommersant Gazedi: Russiýanyň ABŞ-daky ilçisi, Demirgazyk Akym-2 taslamasyna garşy ABŞ-nyň sanksiýalarynyň nädogrydygyny we Ýewropa ýurtlarynyň Amerikan çig malyny almaga mejbur etmek bilen bagly göçümdigini nygtady. 

Lenta.ru: ABŞ-nyň Döwlet sekretary wezipesine dalaşgär bolan Entoni Blinkeniň beren beýanatyna görä, ABŞ-nyň täze hökümeti Russiýanyň syýasatlaryny Waşington üçin bir öjükdirme hökmünde garaýar. 


Etiketkalar: #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar