Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1566331
Daşary ýurt metbugatyna syn

t-online.de: Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýko Maas, Türkiýe bilen gatnaşyklarda täze bir başlangyjy umyt edýändiklerini habar berdi. 

Bild.de: Germaniýa doly ýapylmak bilen baglanşykly düzgüne şu gün karar berer. Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel şu gün günortan welaýatlaryň Premýer ministrleri bilen maslahat geçirip, doly karantin düzgüniniň ýola goýulyp-goýulmajaklygy bilen bagly karary we koronawirus bilen bagly täze öňüni alyş çäreleri ara alyp maslahatlaşar. 

Spiegel.de: Hünärmenler hökümetden has berk öňüni alyş çäreleriň görülmegini isleýär. 

Deutsche Welle: Bawariýada koronawirusyň täze görnüşine gabat gelindi. 

El País (Ispaniýa): Ispaniýanyň Senagat we syýahatçylyk ministri Reýes Maroto, Kowid-19 sanjymyny etdirenler üçin "Sanjym pasportynyň" çykarylmagynyň syýahatçylyk pudagyndaky hereketliligi ýaňadandan janlandyryp biljekdigini habar berdi. 

La Tersera (Çili): Täze görnüş koronawirusyň Braziliýada gabat gelinen görnüşi Britaniýada we Günorta Afrikada anyklanan görnüşi bilen şol bir mutasiýa eýe, olaryň ählisi beýlekilere garanyňda has ýokanç. 

El Universal (Meksika): Mehiko şäherindäki restoranlar epidemiýa garşy täze öňüni alyş çäreler bilen ýaňadandan açyldy. 

Alkudus: "Şu gün gelýär". Ysraýylyň hökümeti rus sanjymyny Palestinanyň topraklaryna salynmagyny kabul edýär. 

Aldustour: Koronawirus epidemiýasy sebäpli 13-16-njy maý aralygynda Singapurda geçiriljek Bütindünýä Ykdysady forumda döwrebap ykdysadyýet, daşky gurşaw, sosial we tehnologik kynçylyklar ara alynyp maslahatlaşylar. 

Alaýýam: ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäheri, Jo Baýdeniň Döwlet baştutany hökmünde 20-nji ýanwrada wezipä başlamadan ozal garyma öwrüldi. 

Le Soir: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, käbir Ýewropa ýurtlary we Braziliýa koronawirus sebäpli syýahatçylyk gadagançylygynyň aýrylandygyny belledi, Baýdeniň topary bolsa gadagançylygyň dowam etjekdigini habar berdi. 

Le Monde: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň wezipä başlamadan ozal Waşington şäherinde barrikadalar guruldy. 

France 24: Kowid-19-a garşy görülen çäreleriň çäginde ýapylan we açylyşy 23-nji fewralda göz öňünde tutulan Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherindäki Disneýlend Parkynyň açylyşy 2-nji aprele çenli yza süýşürildi. 

Interfaks Agentligi: Germaniýadan Russiýa gaýdyp geleninden soň göz tussaglygyna alynan rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý 15-nji fewrala çenli tussaglykda bolar. 

Kommersant Gazedi: Germaniýa ABŞ-nyň "Demirgazyk Akym-2" taslamasyna garşy täze sanksiýalar girizendigini habar berdi. 

Izwestiýa Gazedi: Italiýanyň Russiýadaky ilçisi Sputnik V sanjymyny etdirendigini we hiç hili ýaramaz täsirini görmändigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #metbugat , #agentlik , #gazet

Degişli Habarlar