Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1556921
Daşary ýurt metbugatyna syn

 Al-Raýa-Al Katariýýa: Türkie koronawirusa garşy oýlap tapan ýerli sanjymyny aprel aýynda ulanmaga hödürlejekdigini beýan etdi.

Watan: Omanyň Saglygy goraýyş ministrligi: 7,600 adam koronawirus sanjymyny etdirdi we haýsydyr bir ýaramaz täsir ýüze çykmady.

Al-Mustakbal: Düýn 2,870 adamyň koronawirusa sezewar bolandygyny we 10 adamyň ýogalandygyny beýan eden Liwanyň Goranmak mimnistrligi “Şertleri aladalandyryjy” diýdi.

El Pais: Ispaniýa we Britaniýa Breksitden soň harby hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky şertnamany alara alyp maslahatlaşýar.

El Mundo: Ispanlaryň 70 göterimi Wekiller Kongresinde tassyklanan täze awtonaziýa hukugy kanununy goldaýar.

TeleSur: Kolumbiýanyň paýtagty Bogota Kowid-19 kesellileriň sanynyň artmagy sebäpli 5-nji ýanwardan başlap täze karantin düzgünine geçer. Karantina düzgüni 18-nji ýanwara çenli dowam eder.

ZDF Online: Germaniýada 2021-nji ýylda parlament saýlawlary bilen alty ştatda ýerli mejlisiň saýlawlary geçiriler.

Doýçe Welle: Nemes hökümeti 2020-nji ýylda Ýemen we Liwiýa ýaly çaknyşyklary başdan geçiren ýurtlara ýa-da çaknyşyklara tarap bup durýan ýrutlara 1 milliard ýewropadan gowrak ýarag eksport edilmegini tassyklady.

T-Online: Nemes wirolygy Kristian Drosten koronawirus sebäpli 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda “çylşyrymly şertleriň” ýüze çykyş biljekdigini duýdurdy.

Le Figaro: Ylmy barlaglardan biriniň netijesine görä fransuzlaryň esasy bölegi koronawirusa garşy sanjymlanmagy kabul etmeýär.

TASS habarlar gullugy: ABŞ-nyň döwlet Sekretary Maýk Pompeo Donald Trampyň ozalkylara garalanda Russiýa garşy berk syýasat alyp barandygyny aýtdy.

Lenta ru. Horwatiýa 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ABŞ-da suwklandyrylan tebigy gaz almaga başlady we Russiýanyň Ýewropadaky gaz häkimiýetine zarba urdy.

Rio Nowosti: Alymlar we arheologlar topary Türkiýäniň günbataryndaky Urla-Çeşme ýarym adasynda 2500 ýyllyk Afrodit ybadathanasynyň galyndysyny tapdy.



Degişli Habarlar