Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1520764
Daşary ýurt metbugatyna syn

Welt.de: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, ýurtda soňky 14 günde wirusa ýoluganlaryň sanynyň 3 esse artandygyny belläp: "Häzirki ýagdaý örän aladalandyryjy" diýdi. 

Deutsche Welle: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, bäsdeşi Jo Baýdeniň yzyndan ýetmek üçin örän uly tagalla edýär. 

Handelsblatt: Halkara Pul gaznasy, koronawirus tapgyrynda ýola goýulan ykdysady höweslendirmeler we kömekler möhletinden ir kesilen halatynda, ykdysady kadalaşma howp salyp biljekdigini haber berdi. 

Watan (Oman): Siriýalylaryň galýan çadyr düşelgede koronawirusyň ýaýramagy, ynsanperwer pajyganyň habarçysydyr.

Al-Mustakbal (Liwan): Awstriýada sinagoglaryň birine hüjüm guraldy. 

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Iordaniýa koronawirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň artmagy sebäpli doly karantin düzgünini ýola goýar. 

El País (Ispaniýa): Türkiýedäki ýer titremede harabalyklaryň aşagyndan 65 sagat soň 3 ýaşyndaky gyz çaganyň halas edilmegi: "Elif ýaşaýar!".

La Wanguardia (Ispaniýa): 8 aý arakesmeden soň Wenesuela 4 ýurda uçar saparlarynyň guralmagyna rugsat berdi. Wenesuela Meksika, Eýran, Dominik Respublikasy we Türkiýä ikitaraplaýyn häsýetde uçar saparlarynyň guralmagyna rugsat berdi. 

Infobae (Argentina): Eta tupany, Nikaragua we Gonduras döwletleriniň Karip adalary kenaryna golaýlap gelýär. Tupan Orta Amerika güýçli ýagyşlar bilen howp salyp, kategoriýasy 4-e ýokarlady. 

Le Parisien: Wenada hüjüm: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron: "Ýolumuzdan dänmeris" diýdi. 

Le Monde: Fransiýada çarşenbe gününden başlap uly marketlerde çäklendirmeler başlar. 

Le Figaro: Al Kaýda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona hemle atdy we Muhammet Pygambere kim dil ýetirse onuň öldürilmegi barada çagyryş berdi. 

RIA Nowosti: Russiýanyň Daşary Razwedka gullugy: "ABŞ Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyga päsgel bermäge synanyşýar" diýip habar berdi. 

Lenta.ru: Kremliň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow: "Rublyň dollara görä soňky aýlarda 30 göterim hümmedini gaçyrmagy, esasan hem daşary ýurtlardaky oňaýsyz şertlere we dünýä bazarlaryndaky ýagdaý bilen arabaglanşyklydyr" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #agentlik , #gazet , #metbugat , #dünýä

Degişli Habarlar