Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1433227
Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Soir: Koronawirus: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň berýän habaryna görä, dünýä derejesindäki ýagdaý has hem erbetleşýär. 

France 24: Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherindäki Eýfel minarasy 25-nji iýunda açylar. 

Le Monde: ABŞ-da polisiýa işgäriniň eden-etdilgi netijesinde ýogalan Jorj Floýd jaýlandy. Donald Tramp bu babatda hiç hili beýanat bermedi. 

Al Kuds Al Arabi: Ysraýylyň Ýokary kazyýeti, palestinalylara degişli hususy ýerleri almak baradaky kararyň ýurduň konstitutsiýasyna ters gelýändigini nygtady. 

Al-Dustour (Iordaniýa): Koronawirus: Palestinada aralarynda çagalar hem bolan ýene-de 7 adamyň koronawirusa ýolugandygy anyklandy. Liwiýada bolsa daşary ýurtlardan ýurda gaýdyp gelen raýatlar bilen birlikde koronawirusa ýolugan adamlaryň sanynda artyş bellige alyndy. 

Al-Raya (Katar): Katar, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Wan welaýatynda asuda ilaty daşaýan awtobusy nyşana alyp guran hüjümini ýazgardy we Türkiýä gynanç bildirdi. 

Deutsche Welle: Ýaşyllar partiýasy, Germaniýanyň konstitutsiýasynda bar bolan jyns sözüniň çykarylmagyny talap etdi. 

Börsen-Zeitung.de: Gresiýa we Italiýa Ortaýer deňizinde Erkin ykdysady zolagyň döredilmegi barasynda ylalaşdylar. 

Tagesschau.de: Germaniýanyň ykdysadyýetiniň esasyny emele getirýän eksportda Kovid-19 bilen bagly soňky 70 ýylyň iň pes görkezijileri bellige alyndy. 

Klarin, Argentina: Pan Amerikan Saglygy goraýyş guramasy, iýun aýynyň Günorta Amerika üçin Kovid-19-a garşy göreşde tankydy bir aýdygy barada duýduryş berdi. 

La Wanguardia, Ispaniýa: Ispaniýada Täze kadaly etap bilen bagly çap edilen kararnamada sosial araçäk 1,5 metre çenli azaldyldy. 

RIA Nowosti Agentligi: Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Russiýada koronawirus epidemiýasy bilen bagly görkezijileriň azaldylyp görkezilýändigi bilen bagly tankydy belliklere jogap berdi. 

Izwestiya Gazedi: Rus senator Alekseý Puşkow, Russiýany duşman bir ýurt hökmünde kabul etmegi pikir edýän Rumyniýanyň, ABŞ-nyň Russiýanyň agressiwligi bilen baglanşykly ýasama we lenç edilen tezislerini gaýtalaýandygyny belledi. 

TASS Agentligi: Russiýa pandemiýanyň emele getirjek krizisden soň, iň çalt dikeljek 5 ýurdyň biri bolar. 


Etiketkalar: #metbugat , #dünýä

Degişli Habarlar