Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär.

1356416
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

“Doçe Welle” Türkiýäniň Idlibe goşmaça harby güýç ornaşdyrýandygyny habar berýär.

“Fokus” Tizligi sagatda 180 kilometre ýetýän “Sabine” tupanynyň Germaniýada gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýändigini ýazýar.

Katarda çap edilýän “Al Raýa Al Katariýa” gazeti, Kataryň Kuweýde 15 ýylyň dowamynda suwgaldylan gaz berjekdigini mälim edýär.

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän “Alşarg Alawsat” gazeti, Hytaýyň koronwairus epidemiýasyna garşy göreşýän firmalara 43 milliard dollar berjekdigini belleýär.

Liwanda çap edilýän “Al Mustakbal” gazeti, Prezident Erdoganyň ABŞ-nyň parahatçylyk meýilnamasyny kabul etmejekdikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Ispaniýada çap edilýän “El Pais” gazeti, ispan hökümetiniň, Fransiýa bilen Germaniýadan çetleşýändigini we İtaliýa bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyny belleýär.

Ispaniýada çap edilýän “El Mundo” gazeti bolsa, koronawirus epidemiýasynyň Hytaýda iş alyp barýan ispan firmalaryna ýaramaz täsirini ýetirýändigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“TASS”, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Russiýanyň Ukraina bilen iki taraply ýagdaýda ilçi bellemegine garşy bolmandygy hakyndaky beýanatyna ýer berýär.

“Izwestiýa” gazeti, rus hökümetiniň koronawirus epidemiýasynyň Russiýada ýaýramagyna garşy çäre görülmegi we maska alynmagy barada görkezme berendigini ýazýar.

“Le Soir” gazeti, Belgiýadaky Kiara tupany sebäpli otly we uçar saparlarynyň saklanandygyny mälim edýär.

“Frans 24” Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleriniň 900-den gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolan koronawirus epidemiýasy sebäpli Hytaýa gitjekdigini habar berýär.



Degişli Habarlar