Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döredýär

1202444
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Doçe Welle; Germaniýanyň Içeri işler ministrliginiň aşa sagçylar barada duýduruş berendigini habar berýär

Süddeutsche saýtung, Awstriýaly aşa sagçy aktiwist Martin Sellneriň nemes ýardamsöýerlerden uly goldaw alýandygyny belleýär.

Zdf.de Germaniýanyň ýaragly güýçleriniň Yrakdaky esgerleriň harby tälimini saklandygyny nygtaýar.

Al Quds Al Arabi, Yragyň Premýer ministri Abdulmehdiniň Ankarada Türk ýaragly güýçleriniň Yrakdaky harby barlygy meselesini ara alyp maslahatlaşýandygyny ýazýar.

Alşarg Alawsat gazeti, Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarifiň, resmi Waşingtonyň sanksiýalaryny artdyrandygyna garamazdan Tähranyň parasatly bolmagy üçin tutanýerli tutum alyp barýandygyny belleýär

Al Haýat gazeti “Saud Arabystanynyň “Nebit desgalaryna guralan hüjümlerden Eýran we Husiler jogapkär” diýip beýanat berendigini belleýär.

Wenesuelada çap edilýän Telesur gazeti, Wenesulanyň Prezidenti Nikolas Maduronyň, “Wenesuelanyň Waşingtondaky ilçihanasyna guralan hüjümden ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp jogapkär” diýen sözlerine ýer berýär.

Ispaniýada çap edilýän El Mundo gazeti, Ispaniýadaky aşa sagçy Wox partiýasy, ýurtda göç edilşik bolmadyk bolsady ses sanyny artdyryp bilmezdi” diýýär.

Fransiýada çap edilýän Le Monde gazeti, ABŞ-nyň berk tutumynyň Pars aýlagynda dartgynlygy artdyrýandygyny ýazýar.

Fransiýada çap edilýän Le Parisien gazeti, Fransiýada işsizlerin sanynyn üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde soňky 10 ýylyň iň pes derejesine çenli aşaklandygyny nygtaýar.

Russia Todaý, sürgünde ýaşaýan ukrainaly işewür adamy İogor Kolomoýskiniň ýurduna dolanandygyny habar berýär.

Ura.ru, Ýekaterinburg şäherinde seýilgähiň ýerine buthananyň gurulmagyna garşy geçirlen protest ýörişlerinde saklanan 21 adamyň tussag edilendigini belleýär.

 

 

 



Degişli Habarlar