Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döredýär

1191790
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän Alşarg Alawsat gazeti, Saud Arabystanyň Mirasdar Şazadasy Salmanyň, Ýaponiýanyň Daşary işler ministri bilen iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşandygyny ýazýar.

Katarda çap edilýän Al Raýa Al Katariýa gazeti, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Saud Arabystanynda “siz gaty baý… siz töläň biz hem sizi goraly” diýendigine ünsi çekýär.

Liwanda çap edilýän Al Haýat gazeti, Eýranyň Ormuz bogazyny ýapjakdygyny we ýadro ylalaşygyndan çekiljekdigini öňe sürendigini nygtaýar.

Germaniýanyň ARD. de gazeti, Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Şri-Lanka gitjek raýatlaryna duýduryş berendigini mälim edýär.

ZDF.de Germaniýanyň işleýän 3,38 million adamyň aýda 2 müň ýewrodan has az aýlyk alýandygyna ünsi çekýär.

Deutschlandfunk.de; Ýüpekýoly infstruktura taslamalary üçin 64 milliard dollarlyk şertnamanyň baglaşylandygyny ýatladýar.

Ispaniýada çap edilýän Al Pais gazeti, hepdäniň ahyrynda geçirlen saýlawda Sosýalist partiýanyň üstünlik gazanandygyny, Halkçy partiýanyň bolsa taryhy ýenilişe sezewar bolandygyny mälim edýär.

Le Monde, Dünýäde ýarag çykdajysynyň 2 müň milliard dollara golaýlandygyny nygtaýar.

Le Figaro gazeti,  Fransiýada 13 çaganyň zäherlenmegi sebäpli peýnir satuwynyň saklanandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär

Le Parisien gazeti,  hünärmenleriň ýangyn sebäpli bir bölegine zeper ýetirlen taryhy Notr Dam katedralynyň gurluşygy meselesinde Prezident Makrona gyssanmaç hereket etmezligi barada duýduryş berendigini ýazýar

Rus TASS gullugy Russiýanyň harby çykdajylary has ýokary bolan ilkinji 5 ýurduň hatarynda ýer alýandygyny mälim edýär

Rus Rambler portaly, Rus Dumasynda iş günlerinin azaldylmagynyň teklip edilendigini belleýär

Rus Ria Nowosti gullugy, Ukrainanyň Parlamentiniň, Russiýadan Donbaslylara paspordyň berilmegi baradaky kararyndan ýüz öwürmegini talap edendigini habar berýär

 

 

 

 



Degişli Habarlar