Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

1173168
Daşary ýurt metbugatyna syn

Alshark Alawsat: Maglumatlary ýaýratmagyň gadagançylygynyň kölegesinde, Eýran sil apatyna garşy göreşýändigini habar berýär.  

Ahbar Al-Khalij (Bahreýn): Parlamentiň başlygy: Eýran terrory, sebitiň we dünýäniň howpsyzlygy we parahatçylygy üçin howp çeşmesi.

Al-Haýat (Liwan):Ysraýyl bilen gabaw astyndaky Gazanyň arasyndaky zolakda, soňky 1 ýylyň dowamynda palestinaly 40 çaganyň şehit bolandygyny mälim edýär.

Merkur.de:  Erdogan, Aýa-Sofiýany metjide öwürmek isleýändigini aýan edýär.

ARD: Saud Arabystanyna ýarag satuwy-Federal hökümetiň ýarag satuw embargosynyň möhledini uzaldýandygyny beýan edýär.

Spiegel Online: ABŞ, Saud Arabystanyna ýadro tehnologiýa eksport edýändigini belleýär.

Le Monde:  BMG, terrory finansirleýänlere garşy berk çäreleriň görülmegine çagyrdy.

Le Figaro: Fransiýa, Yrakdaky we Siriýadaky 200 bilen 300 aralygyndaky fransuz çaganyň ykbalyny bilmeýändigini habar berýär.

Libération: fransuz tussaghanalaryndaky özleriniň janyna kast edip öldürýänleriň sanynda 2018-nji ýylda örän uly bir artyşyň bardygyny nygtaýar.

El País: Maduronyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň, Huan Guaýdonyň 15 ýyl boýunça döwlet edaralarynda işlemegini gadagan edendigini ýazýar.  

El Mundo: Ispaniýanyň Daşary işler ministri, Kataloniýa bilen bagly soraga gaharlanyp, interwýusyny bes edendigini mälim edýär.

Rtve.es (Ispaniýanyň Radio we telewideniýe guramasy): Deňizleriň suwlarynyň derejesi we ýylylygy golbal ýylylyk sebäpli rekord derejede.

Rus Ria Novosti agentligi: Braziliýanyň Russiýa Wenesueladaky esgerlerini çekmek barada çagyryş berendigini beýan edýär.

Russiýanyň Izwestiýa gazedi: ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň Russiýa garşy soňky 30 ýylyň iň berk syýasatyny alyp barýandygyny habar berýar.



Degişli Habarlar