Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýär

1141211
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Alsharg Alawsat ( Saud Arabystany-Britaniýa) ABŞ-nyň ýaragly güýçleri Ysraýyldan “Demir Kupba” almagy meýilleşdirýär” diýip ýazýar.

Alguds Alrabi( Britaniýada çap edilýän garaşsyz Arap gazeti) BMG: Saud Arabystanly ýolbaşçylaryň Kaşykçy jenaýatyny meýilleşdirendigini görkezýän subutnamalar bar” diýýär.

Al Haýat (Garaşsyz arap syýasat gazeti) “ABŞ-nyň Siriýadan yza çekilmegi etabynda ABŞ bilen Türkiýe güýji… we Siriýada “howpsyzlyk zolak” düşnüşmezlikleri” diýip belleýär

Le Figaro “Fransiýa Italiýanyň öjükdirmelerine reaksiýa bildirýär” diýip ýazýar.

Le Monde “ Sary ýeňsizliler: Täze halk blogyny döretmek tagallasy syýasatçylary aladalandyrýar” diýýär.

Le Pais: “Maduronyň tarapdarlary köçelerde oňa goldaw bermäge dowam eder” diýip ýazýar.

Le Mundo, Wenesuelada 20 ýaşyndaky syýasy tussaglynyň tussaghanada azyk we derman bolmandygy sebäpli ýogalandygyny habar berýär.

La Wanguardia Ispaniýanyň Premýer ministri bilen oppozisiadaky çepçi Podemos partiýasynyň lideriniň bujet meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşandygyny ýazýar. Duşuşykda uly şäherlerde kireýleriň artmagy we elektrik togunyň tölegi meselesi seljerildi

Bild gazeti Germaniýada bolan ýangynda 5 adamyň ýogalandygyny, ýangyna binanyň 4-nji gatyndaky elektrikli öý goşlarynyň sebäp bolandygyny mälim edýär.

Doçe Welle, BMG-nyň habarçysyndan Kaşykçy beýanaty: “Saud Arabistany Türkiýäni bökdedi: BMG-nyň ýörite habarçysy Kallamard, žurnalist Jemal Kaşykçynyň Saud Arabystanly ýolbaşçylar tarapyndan öldürlendigini we Türkiýäniň jenaýatyň doly öwrenilmegi tagallasynyň bolsa Saud Arabystany tarapyndan bökdelendigini nygtady” diýýär

Rus gazeti “Kommersant” “Demirgazyk Akymy-2 Ýewropany böldi” diýip ýazýar.

Rus “Izwestiýa” gazeti bolsa ýapon hökümetiniň bir ýolbaşçysynyň, halk deputatynyň “Kuril adalary aslynda kime degişli” diýen soragyna Russiýa bilen geçirilýän gepleşiklere ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigi sebäpli jogap bermekden gaça durandygyny mälim edýär

Rus Lenta habar saýty “Skipal meselesinde täze şübheliler tapyldy” diýýär.



Degişli Habarlar