Daşary Ýurt Habar Beriş Serişdelerine Syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

1117552
Daşary Ýurt Habar Beriş Serişdelerine Syn

 

“Le Figaro” gazeti ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Pompeonyň Amerikanyň berýän goldawlarynyň dowam etjekdigi barada Ysraýyly kepillendirýändigini ýazýar.

“Le Monde” gazeti Fransiýada 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde ýokary howpa eýe bolan 3 reformanyň gün tertibine getiriljekdigini mälim edýär.

“Al Pais” gazeti Braziliýanyň täze Prezidenti Bolsonaronyň kasam edip wezipesine başlandygyny ýazýar.

Bolsonaronyň kasam edişlik dabarasyna ABŞ-nyň Prezidenti Doland Tramp, Ysraýylyň we Wengriýanyň Premýer ministrleri bilen birlikde müňlerçe adam gatnaşdy.

Prezident Tramp dabarada ABŞ bilen Braziliýanyň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdigini görkezdi.

“Al Pair” gazeti başga bir habarynda bolsa İspaniýanyň ÝB tarapyndan goýlan embargo garamazdan Wenesuellanyň tanklaryny döwrebaplaşdyrmaga dowam etjekdigini mälim edýär.

Ispan hökümeti tanklaryň döwrebaplaşdyrylmagy baradaky 20 million ýewrolyk taslamany tassyklady.

“Doçe Welle Türkçe” Germaniýanyň Ykdysadyýet ministri Peter Altmaieriň oktýabr aýynda Türkiýä guran saparyndan soň iki ýurduň arasyndaky kynçylyklaryň ortadan aýrylmagy üçin işe girişilendigini habar berýär.

“Stern” žurnalis Türkiýe serhedine goşmaça harby güýjüň ornaşdyrylýandygyny mälim edýär.

“Izwestiýa”gazeti 2018-nji ýylyň rus ýaragynyň ýyly bolandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Tass gullugy” NASA-nyň Amerikan hökümetiniň garşylygyna garamazdan Russiýanyň Federal emeli hemra gullýgy Roskosmosyň başlygy Rogoziniň sapary üçin taýarlyk görýändigini ýazýar.

“Elaharm” ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň amerikan esgerleriniň Siriýadan çekilmegi etabynyň möhledini 4 aý uzadandygyny habar berýär

 

 

 



Degişli Habarlar