Daşary Ýurt Habar Beriş Serişdelerine Syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habarlar beriş serişdelerinde seslenme döreden Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

Daşary Ýurt Habar Beriş Serişdelerine Syn

“Russiýanyň Sesi Radiosy”: Rus tebigy gazyny Gara deňiziň we Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa ýetirjek Türk Akymy tebigy gaz turba geçirijisiniň denizden geçýän böleginiň 19-njy noýabrda tamamlanjakdygyny habar berýär. Habarda Prezident R.T.Erdoganyň ýer eýeçiliginde Stambulda guraljak açylyş dabarasyna Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysyu Wladimir Putiniň hem gatnaşjakdygy mälim edilýär.

Amerikanyň “Assoşeýted Press” habarlar gullugy: Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjynyň Gündogar Ortaýer deňiz giňişligindäki tebigy gazyň bazarlara ýetirilmegi üçin Türkiýäniň amatly, gysga we ýerlikli ugur boljakdygyny aýtdy. Emma Akynjy şeýle meýilnamalardan ozal Kiprde ýaraşyk ylalaşygynyň gazanylmalydygyny aýtdy we : “Bu hemmeler üçin bähbitli bolar” diýendigini ýazýar.

Kataryň “Al Jazira” teleýaýlymy: Prezident R.T.Erdogan Jemal Kaşykçy jenaýaty bilen bagly ses ýazgylaryny soran ähli ýurtlara diňledendiklerini, Saud Arabystanynyň howpsyzlyk edarasynyň resmîsinin ses ýazgylaryny diňleýärkä diýseň geň galandygyny aýtdy.

Eýranyň “Fars” habarlar gullugy: Türkiýe Gyrgyz Respublikasynyň Ýaragly güýçlerine berýän kömegini iki esse ýokarlandyrar. Türkiýe Gyrgyz Respublikasynyň Ýaragly güýçlerine ulag, enjamlar we saglygy goraýyş harytlaryny we maliýe goldawyny berýär.

Fransiýanyň “AFP” habarlar gullugy: Türkiýe halkara jemgyýetçiliginiň Liwiýadaky syýasy dartgynlygy çözmek üçin ylalaşmandygyny beýan edip, İtaliýada Liwiýa meselesi boýunça geçirilen maslahatdan çekildi.

Awstriýanyň “Kronen Zeitung” gazeti: Ýewropadaky käbir intelligentler Siriýadan 3,6 milliona golaý bosguny kabul eden we elinden geldiğinden olar bilen gyzyklanýan Türkiýä sagbolsun aýdylmalydygyny pikir edýär.

Eýranyň “İRNA” habalar gullugy: Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Eýrana goýan sanksiýalaryna garşy durýandyklaryny, ony ýerlikli başlangyç hökmünde görmeýändiklerini beýan etdi.



Degişli Habarlar