Daşary Ýurt Habar Beriş Serişdelerine Syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan tapan Türkiýe bilen baglanşykly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

892333
Daşary Ýurt Habar Beriş Serişdelerine Syn

ABŞ “Turkish Amerijan” internet saýty: Prezident R.T.Erdogan golaýda “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen ilkinji ädimi ädilen günorta serhedini terrordan saplaýyş operasiýasynyň Afrin bilen dowam etjekdigini aýtdy.

Germaniýanyň “DW” internet saýty: Prezidentiň Metbugat Geňeşçisi İbrahim Kalyn ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG-ä berýän goldawynyň aladalandyryjydygyny aýtdy.

Russiýanyň “Sputnik” internet saýty: Türkiýe ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PÝD/PKK-dan harby goşun döretmek ugrundaky tagallasyny ýazgaryp, özüne abanýan ähli howpy ortadan aýyrmakda ygrarlydygyny nygtady.

Krymyň “QHA” habarlar gullugy: “Afrikanyň esasy tekstil desgasy Türk-Alžir şärikligine açyldy”.

ABŞ-nyň  Halkara “JNN” habar ýaýlymy: “Türkiýedäki işsizlik mukdary 2017-nji ýylyň oktýabrynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 1,5 bal aşaklap, 10,3 göterime deň boldy.”

Germaniýanyň “DPA” habarlar gullugy: “Türkiýe Gara we Mermer denizlerini birleşdirjek täze bir kanalyn gurluşygyna şu ýyl başlamakçy.”

Eýranyň “İSNA” habarlar gullugy: “Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy İsmail Kahraman Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentler boýunça 13-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Eýranyň paýtagty Tährana gitdi.”

“Russiýanyň Sesi Radiosy”: “Premýer ministr Binali Ýyldyrym Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Yrak bilen özara gatnaşyklar hem-de sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşdy.”

ABŞ “Turkish Amerijan” internet saýty: “Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ tarapyny kesegitlemeli, hyzmatdaşlarymy ýa-da terror guramasyny saýlap alýarmy? Biziň çemeleşmämiz hem şoňa görä bolar.”

Germaniýanyň “DW” internet saýty: “Baş Ştabyň başlygy general Hulusi Akar NATO-nyň terörizme garşy göreşde terror guramalarynyň arasyna tapawut goýmaly däldigini” atýdy.

Franiýanyň “AFP” habarlar gullugy: “Prezident R.T.Erdogan 5-nji fewralda Papa Frankisiň çakylygyna laýyklykda Watikana sapar gurar.”

ABŞ-nyň  “AP” habarlar gullugy: “Prezident R.T.Erdogan NATO-ny hyzmatdaşy ABŞ-nyň Siriýada 30 müň adamlyk serhet güýjüni döretmegine garşy pozisiýa eýelemäge çagyrdy”

Britaniýanyň “Roýter” habarlar gullugy: “Prezident R.T.Erdogan NATO-ny hyzmatdaşy ABŞ-nyň Siriýanyň demirgazygynda terror öýjügine öwrülen Afrina guraljak operasiýany siriýaly oppozisionerler bilen bilelikde amala aşyrjakdyklaryny aýtdy.”



Degişli Habarlar