Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

786663
Daşary ýurt metbugatyna syn

Azerbaýjanyň Trend habarlar agentligi: “Premýer ministr Ýyldyrym Žeenbekow bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrymyň gyrgyzystanly kärdeşi Sooronbaý Žeenbekow bilen Çankaýa köşgünde duşuşandygyny mälim edýär. Habarlar gullugy duşuşykda gyrgyzystandaky Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň barlygynyň iki ýurdyň arasyndaky dostluga zeper ýetirmeli däldigi we onuň üçin gyrgyztsanly resmileriň gerek bolan tagallany etmekleri barada garaýyşlar beýan edilendigini nygtaýar. Habarda duşuşykda dost we dogan iki ýurdyň gatnaşyklaryň ençeme ugrunyň we sebitleýin meseleleriň ara alynyp maslahatlaşylandygy, gyrgyz tarapynyň bolsa iki ýurdyň arasyndaky dostlyk we doganlyga berilenligini görkezmek üçin ellerinden gelenini etjekdiklerini aýdandygy ýazylýar.

ABŞ-nyň Turkish Amerikan web portaly: “ABŞ-dan terror guramasy PKK/PÝD harby goldaw dowam edýär” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Siriýada aýralykçy terror guramasy PKK/PÝD-ä DAIŞ-e garşy göreş bahanasy bilen harby taýdan goldaw bermäge dowam etdirýändigini habar berýär. Web portaly ýene-de 112 ýük ulagynyň Rakkanyň demirgazygyndaky terrorçylara iberendigini belleýär. Habarda Kerwendäki amerikan esgerleriniň ulanýan sowutly “Hummerleri”, ýangyç tankerleriň  we ulaglaryň ünsleri özüne çekendigi beyan edilýär.

Russiýanyň Sputnik habarlar gullugy: “Rus turistler Antalýanyň turizmini özgertdi” söz başyly habarynda, Ortaýer deňizi Syýahatçylyk myhmanhanalary we operatorlar bileleşigi AKTOB-yň başlygy Erkan Ýagjynyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda Antalýa 2016-njy ýyla garanyňda 2 million turistiň köp gelendigini we şolaryň aglabasynyň ruslardan ybaratdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Antalýa iýul aýynda gelen syýahatçylaryň sany 2016-njy ýyla garanyňda 76 göterim artandygyny, 2015-nji ýylyň iýul aýynda garanyňda 8 göterim, 2014-nji ýylyň iýul aýynda garanyňda -9 göterim bolandygyna ünsleri çeken Ýagjynyň 2017-njy ýyldaky ösüşiň esasy sebäbiniň rus bazarydygyny belledi.

Russiýanyň Sputnik habarlar gullugy: “Türkiýäniň Ýaragly güýçlerinden Türkiýe-Katar umumy türgenleşik bilen baglanşykly beýanat” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Türkiýe bilen Kataryň arasynda 5-7-nji awgust aralygynda Katarda geçirilen umumy harby türgenleşigiň üstünlikli ýagdaýda tamamlanandygyny mälim edýär.

ABŞ-nyň Turkish Amerikan web portaly: “Milli türgen 400 metr päsgelçilikli ylgawda adyny finala ýazdyrdy” söz başyly habarynda, XVI Bütindünýä Ýeňil atletika çempionatynda milli türgen Ýasmani Kopellonyň erkekleriň arasynda 400 metr päsgelçilikli ylgawda adyny finala ýazdyrandygyny habar berýär. Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirilýän XVI Bütindünýä Ýeňil atletika çempionatynyň 4-nji gününde erkekleriň arasynda 400 metr aralykda ýarym final bäsleşikleri geçirildi. Habarlar gullugy 2016-njy ýyldaky Rio olimpiadalarynda bürünç medal, Ýewropa çempionatynda altyn medala eýe bolan asly kubaly Türkiýäniň milli türgeni Ýasmani Kopellonyň 48,91 dereje bilen 6-njy bolup tamamlap, finala çykandygyny beýan edýär.



Degişli Habarlar