Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden Türkiýe bilen baglanşykly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

696642
Daşary ýurt metbugatyna syn

Britaniýanyň The Times gazedi: “Ýewropadaky türkler köpelmeli” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň daşary ýurtlarda işleýän türkleriň aýralykçy syýasata garşy goranmak üçin maşgalalaryň agzalarynyň sanynyny köpeltmelidigini aýdandygyny habar berýär. Gazet Ýewropadaky türklere ýaşaýyş standartlaryny ýokartlatmaklary barada çagyryş beren Erdoganyň Ýewropada türklere garşy edilen gelşiksiz hereketleriň jogabynyň beriljekdigini aýdandygyny belleýär. Habarda Ýewropada takmynan 4,6 million türk raýatynyň ýaşaýandygy, şolaryň aglabasynyň 1960-njy ýyllarda Günbatar Ýewropa ýurtlarynda dörän işgär boşlugyny doldurmak üçin giden adamlaryň çagalarydygy we şolaryň aglabasynyň Türkiýäniň raýatlygyndan dänmändikleri nygtalýar.

ABŞ-nyň Associated Press habarlar agentligi: “Erdogan: 16-njy aprelden soň Ýewropa bilen oturyp gürleşeris” söz başyly habarynda, Käbir Ýewropa ýurtlarynyň türk ministrler bilen Ýewropada ýaşaýan türkleriň duşuşmaklaryna rasist, faşist päsgelçilikler bilen böwet bolýandyklaryny aýdan Erdoganyň: “Ministrlerimizi ýurtlaryna salmazlyk üçin her dürli diplomatik düzgünleri bozmakdan başlap, adatdan daşary ýagdaý yglan etmege çenli ähli ýollara ýüz tutýarlar. Indi bolsa Ýewropada häkimlikler adatdan daşary ýagdaý yglan edýär. Biziň yglan eden adatdan daşary ýagdaýymyz bolsa olary binjalyk edýär. Öz işiňiz bilen boluň” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar gullugy Erdoganyň; “Ençeme ýyl bäri Ýewropa Bileleşigi düzgünleri diýip bize etdirmäge synanyşanlaryny indi özleri basgylaýarlar. Referendum bir geçsin. Referendum geçeneninden soň oturyp, gürleşeris. Bular ýaly bolmaz, näme etmeli bolsa Türkiýe hökmünde biz ony ýerine ýetireris” diýendigini beýan edýär.

Germaniýanyň Frankfurter Allgemeine Zeitung gazedi: “Germaniýa PKK bilen bagly beýanatlara sessiz” söz başyly habarynda, Germaniýanyň türk ministrlerine öz raýatlary bilen duşuşmagyna rugsat bermezliginiň we terror guramasy PKK-nyň ýörişine rugsat bermeginiň resmi Ankarany gaharlandyrandygyny mälim edýär. Gazet Germaniýanyň şu günler terrorçylara goldaw bermek ýaly günäkärlemeler bilen ýüz-ýüzedigine ünsi çekýär. Habarda türk hökümetiniň terrora garşy görkezilýän geçirimlilige reaksiýa bildirýändigi, nemes syýasatçylaryň bolsa garşy tarapa ynandyryjy beýanat bermeýändigi ýazylýar. Gazet hiç bir nemes syýasatçynyň häzirki wagta çenli Türkiýäniň nägileliklerine anyk ýagdaýda jogap bermeýändigini we öňümizdäki günlerde bu ýagdaýyň has hem dartgylaşjakdygyna meňzeýändigini belleýär.

Fransiýanyň TV5 Monde habarlar gullugy: “Bosgunlar Ýewropa geçmäge taýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň bosgunlar bilen Ýewropanyň arasynda barýer wezipesini ýerine ýetirýändigini we şol barýeriň soňky wagtlarda aýrylmagynyň gün tertibindedigini nygtaýar. Habarlar gullugy Türkiýäniň toparklarynda ýaşaýan bosgunlaryň ähli çykdajylaryny öz üstüne alandygyny, emma Türkiýäniň serhetleri açan ýagdaýynda 1 aýyň dowamynda 1 ýada 1,5 million bosgunyň Ýewropa geçjekdigini beýan edýär.



Degişli Habarlar