Daşary ýurt metbugatyna syn 07.09.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

566939
Daşary ýurt metbugatyna syn 07.09.2016

Kataryň Al Jazeera habarlar gullugy: “Obamadan Rakka teklibi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezident R.T. Erdoganyň Hytaýda geçirilen G-20 maslahatyndaky duşuşyklarynyň jikme-jikligini Ankara gaýdyp barýarka uçarda metbugat işgärlerine aýdyp berendigini mälim edýär. Habarlar gullugy Prezident Erdoganyň Siriýa meselesi bilen baglanşykly DAEŞ-iň gözegçiligi astyndaky Rakka şäherini göz öňünde tutup: “Obama esasan hem Rakka babatynda bilelikde hyzmatdaşlyk etmek isleýär. Biz tarapdan mesele ýüze çykmajakdygyny mälim etdik. Harby resmilerimiz gepleşikler geçirsinler we näme zerur bolsa şol hem ediler” diýendigini belleýär.

Fransiýanyň AFP habarlar gullugy: “Türkiýe Siriýada bu hepde ylalaşyk gazanylmagyny umyt edýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hytaýda geçirilen G20 maslahatynda uly güýçleriň ylalaşyga gelmezligine garamazdan, Siriýada öňümizdäki hepdäniň başyndan başlap ylalaşygyň yglan edilmegini umyt edýändigini öňe sürýär. Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalynyň Erdoganyň Hanžu şäherinde rus we amerikaly kärdeşleri bilen ikinji gezek duşuşandygyny aýdandygyny habar berýär. Habarlar gullugy Kalynyň Erdoganyň Wladimir Putine we Barak Obama Siriýanyň demirgazygyndaky Halap sebitinde iň ýakyn wagtda parahatçylyk ylalaşygynyň ýola goýylmagynyň örän wajypdygyny aýdandygyny nygtaýar.

Italiýanyň Ansamed habarlar gullugy: “Türkiýe-Siriýa serhedinde düýn 1632 gaçgak tussag edildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň düýn Türkiýe-Siriýa serhedinde bikanun ýollar bilen geçmäge synanyşan 1632 gaçgagy tussag edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar gullugy Türk Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen beýanatda 1611 adam Siriýadan Türkiýä geçmäge synanyşandygy, 21 adamyň bolsa Türkiýeden Siriýa geçmäge synanyşandygy bellenendigine ünsi çekilýär.

Germaniýanyň DW habarlar agentligi: “Çawuşogly Injirlik howa bazasy babatynda beýanat berdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň nemes deputatlarynyň Adana welaýatyndaky Injirlik howa bazasyndaky nemes harby topar bilen duşuşmak islemekleri bilen baglanşykly ýüze çykan ylalaşmazçylykda hökümetiň pozisiýasynyň ýumuşandygyny aýdandygyny mälim edýär. Habarlar gullugy Çawuşoglynyň Germaniýanyň Welt gazedine beren beýanatynda sapar bilen baglanşykly: “Germaniýa häzirki pozisiýasyny dowam etdiren halatynda rugsat berip bileris. Germaniýa Türkiýä garşy oňaýsyz pozisiýe eýelän halatynda bolsa, gadagançylyk dowam eder” diýendigini habar berýär.



Degişli Habarlar