Daşary ýurt metbugatyna syn 31.08.2016

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

562432
Daşary ýurt metbugatyna syn 31.08.2016

Fransiýanyň La Kroiks habarlar gullugy: “Türkiýäniň garyşmasy giýjä galynan bir garyşma” söz başyly habarynda, Siriýanyň demirgazygynda ilatynyň aglabasy araplar bolan sebitlerde terror guramasy PÝD-niň basyp alyjylygynyň örän howplydygyny mälim edýär. Habarlar gullugy şol sebäpli Türkiýäniň PÝD-niň basyp alyjylygynyň öňüni almagy erbet bir hereket däldigini we PÝD-niň Siriýada ýaýbaňlanmagynyň we onuň dowamynyň howplydygyny belleýär. Habarlar gullugy sebäbi PÝD-niň Siriýanyň territorial bütewiligine howp salyp, üç aýry kantonyny birikdirip döwlet emele getirmek isleýändigini we terror guramasy PÝD-niň döwlet emele getirmegi üçin aradaky arap sebitlerini hem öz gözegçiligi astyna geçirmek isleýändigini nygtaýar.  

Kataryň Al-Jazeera habarlar gullugy: “Türkiýä garşy ähli howplar ortadan aýrylýança çenli Ýewfrat galkany operasiýasy dowam eder” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidentiniň Baş maslahatçysy Ilnur Çewikiň Türkiýäniň Ýaragly güýçleri bilen terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD-niň ýaragly şahasy ÝPG-niň arasynda ylalaşyk baglaşylmagy üçin hiç hili gepleşikler geçirilmändigini, emma resmi Waşingtonyň ony isleýändigini habar berýär. Habarlar gullugy Ilnur Çewigiň: “Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň we terror guramasy ÝPG-niň arasynda hiç hili ylalaşyk gazanylmady ýa-da umumy pikir ýok. Sebäbi PÝD-li terrorçylar söz berişleri ýaly Ýewfrat derýasynyň gündogaryna çekilmän, günbatarynda galmaklaryny dowam etdirýärler. Ylalaşyk ABŞ-nyň resmileri tarapyndan orta atylan gürrüňlerdir” diýendigini beýan edýär.

Germaniýanyň DPA metbugat gullugy: “Türkiýe wiza erkinligini oktýabr aýyna çenli ýola goýulmagyna isleýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýene-de bir gezek ÝB-ne agza ýurtlaryň öz raýatlaryna wiza erkinliginiň döredilmegi we bosgun ylalaşygyny ýerine ýetirilmegi meselesini güntertibe getirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar gullugy Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Afinyda çap edilýän Kathimerini gazedine beren interwýusynda: “Iň giýç oktýabr aýyna çenli wiza erkinliginiň ýola goýulmagyna garaşýarys. Ýogsam Türkiýäniň bikanun geçişleri ÝB-niň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmedigi saýyn ýeke özi öňüni alyp bilmez” diýendigine ünsi çekýär.

Russiýanyň resmi habarlar gullugy Ria Nowosti: “Türk Akymy taslamasynyň ýaňadandan durmuşa geçirilmegi gün tertipde” söz başyly habarynda, Alekseý Milleriň ýolbaşçylgyndaky Gazpromyň wekiliýetiniň çarşenbe güni Türkiýä gelip Türk Akymy tebigy gaz turba geçirjisiniň ýaňadandan durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşjakdygyny mälim edýär. Habarlar gullugy Gazpromyň Ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedewiň metbugat işgärlere beren beýanatynda Milleriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 31-nji awgustda Türkiýä barjakdygyny aýdandygyny habar berýär.



Degişli Habarlar